Ylham — kalbyň joşgunly aýdymy.
***
Poeziýa duýgularyň sada dilde setire salnan owazydyr.
***
Ylham — döredijiligimiziň hamyrmaýasy, durmuş tejribelerimiz bolsa oňa esas bolup hyzmat edýär.
***
Kitap ruhy dünýämiziň baýlygy bolsa, ylham şol baýlygyň örüsini giňeldýär.
***
Kitap hem edil durmuş ýaly, ol diňe okamak üçin däl-de, eýsem, ondan käbir zatlary öwrenmek üçin niýetlenen.
***
Ylham ýazyjynyň öz ruhy dünýäsinde erkinlige çykmagyny aňladýar.
***
Ýazyjynyň durmuşda bir, çeper döredijilikde bolsa köp sanly ýüzi bar. Çünki ol döredýän eserlerinde dürli häsiýetli adamlaryň çeper portretini döretmeli bolýar.
***
Döwürdeşlerinden tapawutlylykda tebigy berlen zehin, üýtgeşik göz bilen garalmaga we goralmaga mynasypdyr.
***
Parasatly sözler, pelsepeler hem edil saz ýaly ilki ýüreklerimizi ýyladyp, soň aňymyza ornaýar.
***
Kämillik — irginsiz zähmeti we yhlasy talap edýär.
***
Biz özgäniň däl-de, öz ýüregimiziň jümmüşinden joşup çykýan aýdymymyzy aýdyp, kämil derejä eýe bolup bilýäris.
***
Sazyň we söýginiň dili hiç hili terjimäni talap etmeýän ýeke-täk dildir.
***
Ýüreginde sähelçe söýgüsi bar bolan adamyň ösüp oturan gülleriň deňinden biperwaý geçmegi mümkin däl.
***
Durmuş bu biziň üçin entek kirişleri düzülmedik saz guraly ýaly. Ony düzmek we çalmak bolsa biziň başarnygymyza bagly.
***
Hasaply berlen wagt, ömür bizden gyssanmaçlygy däl-de, eserdeň hem seresaply bolmagy talap edýär.
***
Ýeňiş diňe başarjaňlygyň däl, eýsem, özüňi ýokary derejede ruhlandyrmagyň netijesinde gazanylýar.
***
Gözüň gören zadyny ilki takyklamaly, soň bolsa tassyklamaly.
***
Halypanyň borjy öwretmek. Şägirdiňki — öwrenmek hem öwrenenleri arkaly özüni we özgeleri özgertmek.
***