Ýaşuly adamlaryň nesihatyny diňlemelidiginiň esasy sebäbi, olar senden öň bu ýollary geçip, onuň belentli-pesli ýerlerine beletdirler. Olaryň bu ýaşda aýşy-eşretden daşlaşmagy dogry oýlanmaga ýardam berýär. Olar özleriniň geçen ýoluna ser salyp, uzak oýlanýarlar. Emma bu ýoly täzeden geçmäge olara rugsat berilmez. Şonuň üçin hem olar ýaşlara wagyz-nesihat edýärler. Şeýle eden ýaşulular adamlaryň arasynda at-abraýa eýe bolýarlar.
* * *
Nadana nesihat etmek ýönekeý demri altyna öwürjek bolmak kimin biderek wagt ýitirmekdir. Nadan nesihatdan öň ylym öwredilmegine mätäçdir.
* * *
Seniň duşman hasap edýän adamyň saňa kyn ýagdaýyňda nesihat etse, ol saňa duşman däl-de dostdur. Sebäbi nesihat bermek dostuň edýän işidir.
* * *
Eger baýlyk jemleseň, bu baýlygy gazanýan wagtyň ony sowýan wagtyňdan uzak bolsun. Eger sen ylym öwrenseň, onda ony öwrenýän wagtyňdan başgalara öwredýän wagtyň uzak bolsun.
* * *
Eger seniň ýagşy gylyk-häsiýetli dostuň bar bolsa, ondan görelde al we onuň nesihatyna eýer.
* * *
Wagyz-nesihaty diňlemän, halkyň urp-adatyndan, özüňe ýakyn we akylly adamlardan daşlaşmak iň uly ýalňyşlyklaryň biridir.