SYNAGDA ÜSTÜNLIK GAZANMAGYŇ ÝOLLARY

Synaglar aňsat bolmaýar. Kim bolanynda-da «synag» sözüni eşidende aljyrap ugraýar. Eger-de bu synag ýokary okuw mekdebine giriş synagy bolsa dagy has hem şeýle bolýar. «Geçermikäm?» ýa-da «Geçmezmikäm?» diýen sowallar aňymyzda başga hiç bir pikire ýer goýmaýar. Emma şeýle-de bolsa, synaga taýýarlanmak we ruhy taýdan özümizi oňa taýýar hasap etmek gorkularymyzy ýeňip biler. Geliň onda, synag günlerinde size kän utuş gazandyrjak käbir maslahatlara göz aýlalyň!

Netijeli taýýarlanyň!

Uzak wagtlap taýýarlanmak bilen netijeli taýýarlanmagyň arasynda uly tapawut bar. Beýnimiz, köplenç, der­se taý­ýar­ly­gyň il­kin­ji 30 — 45 minutynda has işjeň bolup, soňabaka peselýär. Eger-de belli wagtlarda arakesme edip gözümize, beýnimize dynç bersek, indiki 30 minutyň dowamynda hem ýene-de netijeli okamagy başarýarys. Muny inkär edip, arasyny üzmän, hamana, has çynyň bilen taýýarlanýan ýaly bolup, 3-4 sagatlap yzygider okap otursak, onda biz bu taý­ýar­ly­gyň ba­ry-ýo­gy il­kin­ji 30 — 40 minutyny bähbitli peýdalandygymyz bolýar.

Zynjyryň iň ejiz halkasyny tapyň!

Iň aňsat sowalyň çykmagyna dälde, iň kyn sowalyň çykmagyna garaşyň! Şeýle etseňiz, özüňiziň taýýarlygyňyza adalatly baha berip bilersiňiz! Siziň üçin iň kyn bolan temalardan soralýan sowallara jogap berip biliş derejäňiz synagdan näderejede üstünlikli geçip biljekdigiňiziň subutnamasydyr. Çünki zynjyryň berkligi onuň iň ejiz halkasyna baglydyr. Eger-de gowşaklyk duýulýan bolsa, onda bu taýýarlygy biraz güýçlendirmelidigiňizi aňladýar.

Kadaly iýmitleniň we saglygyňyzy goraň!

Synaga taýýarlyk döwründe dogry iýmitlenmek we kadaly uky aňymyzyň has dürs bolmagyna ýardam edýär. Kadaly uklaman ýa-da kadaly naharlanman birnäçe sagatlap taýýarlan­mak — ne­ti­je­li taý­ýar­lan­mak däldir. Azyndan her gün 7 sagat uky, dürli witaminlere baý bolan gök önümleri we miweleri iýmek, ýeterlik suw içmek siziň beýniňiziň has işjeň bolmagyna ýardam eder. Synagyň ýakynlaşýan günlerinde özüňizi näsaglamakdan, Gün urmagyndan ýada şikeslenmekden goraň!

Synag pursadyny hyýalyňyzda janlandyryň!

Siziň tabşyrýan hünäriňizde okap ýören talyplaryň biri ýa-da birnäçesi bilen söhbetdeş bolup, olardan synagyň gidişi, jogap berlende bildirilýän talaplar, özüňi alyp barmagyň aýratynlyklary, ýanyňda bolmagy zerur hasaplanýan resminamalar we sizi gyzyklandyrýan beýleki sowallary hem soramaklyk synag pursadyny gysga wagtlyk bolsa-da, göz öňüňizde janlandyrmaga ýardam eder we aljyraňňylygyňyzy aradan aýrar. Şeýle-de bu söhbetdeşlik siziň häzirki taýýarlygyňyzyň derejesini hem kesgitlär.

Synagdan bir gün öň...

Taýýarlygyňyzy bes ediň! Okamaň! Özüňizi ruhy taýdan synaga taýýar duýuň! Gowy dynç alyň! Geýjek geýimleriňizi, ýanyňyz bilen almaly resminamalaryňyzy taýýarlaň! Eger synag tabşyrylýan ýer bilen öýüňiziň aralygy daş bolsa, munuň üçin belli bir wagt kesgitläp, şol ýere barmak üçin öňünden alada ediň! Ýanyňyza gereginden artyk zat almaň! Diňe synaga girmäge rugsat berilýän zatlar bolsun!

Synag güni...

Geýýän geýimiňiz ykjam bolsun! Geýimiňiz sizi birahat etmesin! Talabalaýyk bolsun! Synag sowalnamasyny alanyňyzdan soň, ony gowy okap, düşünip, soňra jogabyny ýazyň! Bilýän zadyňyzy aýtmakdan çekinmäň! Özüňizi rahat duýuň! Jogap bereniňizde soralýan sowalyň jogabynyň düýp mazmunyna düşünýändigiňizi synag alýan mugallymyň duýmagyny gazanyň! Goý, synag alýan mugallym siziň pikirleriňizi ynamly beýan edip bilýändigiňize göz ýetirsin! Si­ziň äh­li­ňi­ze sy­nag­lar­da üs­tün­lik arzuw edýäris!

 

 

Şageldi ÝABANOW,

«Nesil» gazeti,

30.07.2022ý.

Meňzeş habarlar