27-nji iýulda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglary başlandy.
«Çarşenbede çar tarapa» diýilýär. Halkymyzyň ynam-ygtykadynda şeýle gadyr goýulýan çarşenbe gününde ýaşlarymyzyň durmuşyndaky iň bir jogapkärli hem-de tolgundyryjy pursatlar başlandy. Elbetde, ak mekdebi tamamlandan soň, ýaşlaryň ilkinji arzuwlarynyň biri okuwyny dowam etdirmek — talyp bolmak. Şeýlelikde, çagalykdan kalbynda beslän arzuwyna ýetmek isleýän ýaşlar ilkinji synaglaryny tabşyrmak üçin ýokary okuw mekdepleriniň bosagasyndan ätlediler.
Ilkinji synaglary ilkinji bolup tabşyrmak welaýatlardaky ýaşlaryň paýyna düşdi. Okuwa girmek isleýän ýaşlaryň sany bolsa geçen ýyldakydan az däl. Munuň özi talyplyk şahadatnamasyny eline almak isleýän ýaşlarymyzdan iňňän uly taýýarlygy talap edýär, olaryň ýeňil bolmadyk synaglardan geçmelidigini aňladýar. Mälim bolşy ýaly, 8-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ähli ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamy barada hem aýratyn gürrüň edildi. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerini kämilleşdirmegiň meselelerine garap, talyp şahadatnamasyna iň zehinli hem-de maksada okgunly ýaşlaryň mynasyp bolmalydygyna ünsi çekdi, giriş synaglaryny hakyky bäsdeşlik esasynda ýokary guramaçylykly geçirmegi degişli ýolbaşçylara berk tabşyrdy. Şonuň üçin-de, şu ýerde hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça zerur bolan hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlaryny kesgitlemek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda, täze okuw ýylynda hünärleriň ençemesiniň açylýandygyny aýtmak has-da guwandyryjydyr.
Ýeri gelende, kalbynda ýokary bilim almagy besleýän ýaşlaryň dürli ugurlardan bakalawr we magistr maksatnamasy boýunça bilim alyp, ökde hünärmenler bolmagyna hem giň mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Şu okuw ýylyndan orta hünär okuw mekdeplerinde hem täze hünärleriň birnäçesiniň açylmagy bilen okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany artdyryldy. Maglumatlara ýüzlensek, täze okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 15326 talyp kabul edilýän bolsa, bu geçen ýylkydan 320 talybyň artykdygyny görkezýär. Şu ýyl ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we guramalaryň sargytlary esasynda orta hünär okuw mekdeplerine 10490 adam kabul edilýär. Bu bolsa, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, 380 adamyň artykdygyny aňladýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň zerur, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini görkezýär. Biz hem dalaşgärlere uly üstünlikleriň hemra bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etmek bilen, olara: «Kalbyňyzda besleýän arzuwyňyz hasyl bolsun, mähriban ýaşlar!» diýýäris.
“Nesil” gazeti,
30.07.2022ý.