Haýsydyr bir meseläni çözmekde, bir işiň başyny tutmakda, ähli ünsüňi şol işe gönükdirmekde, nämedir bir zat ýazmakda we ýene-ýenelerde bize ilkinji gerek ukyplaryň biri döredijilikli pikirlenmekdir. Bu ukyba eýe bolmak islendik ýagdaýa başgaça çemeleşmäge ýardam edýär.
Dünýä belli «Matrisa» filminde «Çemçäniň bilini bükmäge synanyşma, bu mümkin däldir. Oňa derek başga bir hakykata düşün: aslynda, çemçe ýok, egilýän, bili bükülýän seniň özüňsiň». Döredijilikli pikirlenmek düşünjesini hem galyplardan daşa çykmak görnüşinde häsiýetlendireliň! Elbetde, her birimiz özümizde şeýle ukybyň bolmagyny isleýäris, emma oňa päsgel berýän ýagdaýlar hem bar. Makalamyzda şeýle ýagdaýlara ünsüňizi çekmek isledik.
Diňe dogry jogaby gözlemek
Biziň, köplenç, goýberýän iň esasy ýalňyşlygymyz berilýän sowalyň diňe dogry jogabyny gözleýänligimizdir. Ine, şu-da biziň döredijilikli pikirlenmegimize ýaramaz täsir edýär. Çünki durmuşda ýüze çykýan meseleleriň bir däl-de, birnäçe jogaby bolup biler. Belki, olaryň belli bir jogaby ýokduram.
Bu päsgelçiligi aradan aýyrmak üçin islendik meseläniň birnäçe çözgüdiniň bardygyna ynanmak we olary ýüze çykarmaga synanyşmak gerek. Munuň üçin mesele barada täzeçe we düýpli pikirlenmeli. Dürli jogaplary tapmagyň açary bolsa meselä köptaraplaýyn çemeleşmekdir.
Mantyk bilen pikirlenmek
Belki, durmuşda her bir zatdan mantyk-many gözläbem ýörmeli däldir. Elbetde, mantyk pikirlerimizi biri-biri bilen baglanyşdyrýar. Ýöne käte bir mesele bilen bagly oňa asla dahylly bolmadyk zatlary hem pikir edip bolar. Ynanyň, munuň öz miwesini eçilýän pursatlary hem bolýar. Döredijilikli pikirlenmek bilen ýene bir ýeňşi gazanyp bilersiňiz.
Düzgünlere boýun bolmak
Döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürmek üçin siziň pikirleriňizi çäklendirýän, galyba salýan düzgünlerden gaça durmak hem şertdir. Aslynda, düzgüne görä ýaşamak we pikirlenmek adaty adamlar üçin erbet hereket hem däl. Ýöne döredijilikli pikirlenmek üçin hökman olaryň serhedinden çykmaly.
Hyýal güýjüni çäklendirmek
Ony çäklendirmäň! Hyýal güýji bilen işlenilýärkä, howlukmaçlygam etmeli däl, haýal-ýagallyga-da ýol bermeli däl. Biler bolsaňyz, iň gowy pikir öz wagtynda doglan pikirdir. Şol wagty bilmäge çalşyň. Çünki wagtyndan ozal açylan gülleri ýagyş heläk edýär, olar giç açylsalar hem, tüp-yssyda ýaşamaga ukypsyz bolýar.
Oýun oýnamagy çaga işi hasaplamak
Käte zehinimiziň oýun oýnamagyna-da rugsat bermeli. Munuň döredijilikli pikirlenmegiň iň netijeli ýollarynyň biri bolaýmagy hem ahmal. Täsin pikirlere we çözgütlere eýe adamlar üstünlik yzyna üstünlik gazanýarka, işçi arylar hemişe olaryň hyzmatyndadyr.
«Maňa görä däl» diýmek
Haýsydyr bir iş size görä dälmi? Onda ony özüňize «boýun egdirjek» boluň. Öz edýän işiňiz bilen baglanyşygyny guruň. Belli mahabatşynas Karl Ally döredijilikli pikirlenýän adamlar barada: «Olar diňe (näme döretmek isleýänini) bilmek isleýärler» diýýär.
***
Ýokarda sanalanlara düşnüksizliklerden gaçmak, ýalňyşmakdan gorkmak, başaryp biljekdigiňe ynamsyzlyk ýaly ýagdaýlary hem goşup bolar. Eger şu böwetleri ýeňip bilsek, biz döredijilikli pikirlenmäniň netijesinde üstünlikleriň belentligine dyrmaşarys.
Habib HALMÄMMEDOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary
we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
02.08.2022ý.