Ýaş nesle mynasyp bilim bermek, olary kämil hünämenler edip ýetişdirmek ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz 8-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýokary okuw mekdeplerini kämilleşdirmegiň meselelerine garamak bilen, talyp şahadatnamasyna iň zehinli hem-de maksada okgunly ýaşlaryň mynasyp bolmalydygyna ünsi çekdi. Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işi tamamlanyp, giriş synaglary başlandy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze, döwrebap hünär ugurlary kesgitlenildi. Geljek okuw ýylyndan bilim ojaklarynda täze hünärleriň ençemesiniň açylýandygy guwandyryjydyr.
Häzirki döwürde bilimiň hilini ýokarlandyrmakda täze talaplar bildirilýär. Bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek,täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-zehinlerini ýüze çykarmaklary, birnäçe daşary ýurt dillerini gowy özleşdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi bu ugurda täze özgertmelere badalga berdi. Bu Konsepsiýa bilim ulgamynyň her bir basgançagynda işleýän mugallymlary döredijilikli işlemäge ugrukdyryp, daşary ýurt dillerini okatmagy döwrebaplaşdyrmagy, öwretmegiň dürli usullaryndan peýdalanmagy, ýaşlaryň dilleri kämil özleşdirmeklerine ýardam bermegi nazarlaýar.
Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmäge höwes bildirýän ýaşlar barha artýar. Bilim ojaklarynda dil bilimini çuň öwretmek üçin ýaşlaryň okadylyş, diňleýiş, gepleýiş endiklerini kämilleşdirmek üçin dürli usullar gözlenilýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek şahsyýetiň gözýetimini has-da giňeldýär, bilimini has kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.Talyp ýaşlara dil öwretmekde dürli usullardan peýdalanylýar. Daşary ýurt dilleri öwredilende, audio ýazgylardan we wideo ýazgylardan peýdalanylmagy örän peýdalydyr. Dil öwrenmekde bu usul yzygiderli ulanylanda, täzediliň gysga wagtda öwrenilmegine, bu dilde arassa gürlenip başlanmagyna ýardam berýär. Elbetde, diňe bir geçilýän sapagyň dowamynda däl-de, gündelik durmuşda her günbir ýa-da iki sagat şol dildäki audio-wideoýazgylary diňlemek netijelidir.Bu şol dilde dogry gürläp bilmek başarnygyny, şol sanda diliň fonetiki-sintaktiki kada-kanunlaryna laýyklykda, sözleri dogry ulanyp gürlemek ukybyny ösdürýär. Daşary ýurt dilini gowy öwrenmegiň ýene-de bir netijeli usuly gaýtalamakdyr. Her bir talyp günde yzygiderli esasda daşary ýurt dilinde öwrenen maglumatyny gaýtalap, öz üstünde işlemegi dowam etse, ol sözlände, ýazanda ýalňyşlyga ýol bermeýär. Biribiri bilen manydaş, garşydaş ýa-da belli bir many aňladyşy boýunça bir topara degişli sözleri bilelikde özleşdirmek hem täze sözleri öwrenmekde amatly usullaryň biri bolup durýar. Daşary ýurt dillerini öwredýän mugallym okuwçylaryň, talyplaryň bu ugurdaky başarnyklaryny artdyrmak ugrunda yzygiderli alada edip, öýe berilýän ýumuşlary tejribe sapaklarynda berkitmelidir.Meselem, owadan, görmegeý, gelşikli ýaly manydaş sözleri ýa-da uly-kiçi, az-köp, täze-köne ýaly garşydaş sözleri bilelikde öwretmek gowy netije berýär. Bu belli bir many aňladylyşy boýunça bir topary emele getirýän sözlere hem degişlidir. Meselem, köýnek, jalbar, don, penjek we şuňa meňzeş egin-eşikleri aňladýan sözleri bilelikde öwretmek ýaşlaryň şol sözleri az wagtyň dowamynda özleşdirip we ýatda saklap bilmeklerine kömek edýär.
Milli bilim ulgamynyňyzy giderli kämilleşdirilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilmegi ýaş nesliň diňe bir bilim derejesiniň däl, eýsem olaryň edep-terbiýesine, zähmet endiklerine hem oňaýly täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim adamy zähmete we durmuşa ruhlandyrýar. Bilimli, okuwly adamyň düşünjesi, dünýägaraýşy giň bolýar. Bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda bilim terbiýeçilik işlerini alyp barmak babatda usuly täzelikler, dünýä ylmynyň gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Bagtyýarlyk döwrüniň ösen şahsyýetini kemala getirmekde bilim terbiýeçilik işleri türkmen halkynyň ahlak ýol-ýörelgelerine, milli däp-dessurlaryna, şeýle hem halk mugallymçylyk taglymatlaryna esaslandyrylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine girmek isleýän dalaşgärleriň synag derslerini üstünlik bilen tabşyryp, talyp bolmak bagtynyň miýesser etmegini arzuw edýäris.
Aýsoltan MERETMUHAMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
“Ahal durmuşy” gazeti,
03.08.2022ý.