ÖSÜŞLERIŇ AÇARY — BILIMDE

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
8-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde bilim ulgamynyň düzümleriniň öňünde durýan anyk wezipeleri kesgitledi. Bellenilişi ýaly, bilim edaralarynda okuw maksatnamalaryny we meýilnamalaryny, kitaplaryny hem-de gollanmalaryny öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, olary bilim görkezijileri babatda dünýä belli okuw mekdepleriniň sanawyna girizmek boýunça degişli işler geçirilmelidir.

Okat­ma­gyň öň­debaryjy usullaryny peýdalanmak, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Ösüşiň esasy guraly hökmünde ylym-bilim ulgamynyň okgunly ilerlemegine möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak wezipesi köp sanly hünärmenleri talap edýär. Şo­ňa görä-de, bu babatda edilmeli işler esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Sanly bilimi ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bilim bermegiň dünýä ül­ňülerine laýyklygyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ulgamda halkara gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Halkara guramalar, ylmy merkezler bilen hyzmatdaşlygy gi­ňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim boýunça esasy görkezijileriň ösüşi ulgamyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň ýyllyk statistiki neşirinden alnan bu maglumatlardan görnüşi ýaly, ýokary okuw mekdepleri zähmet bazaryny degişli hünärmenler bilen üpjün etmek işine mynasyp goşandyny goşýar. Bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär. Bazar gatnaşyklaryna mahsus şertlerde kämil hünärmenleri taýýarlamakda olarda zähmete uýgunlaşmak we bäsdeşlige ukyplylyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek hem-de ösdürmek esasy wezipeleriň birine öwrülýär. Şunda zerur bilimleriň sanly görnüşde alynmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda innowasiýa tehnologiýalar, ylmyň gazananlary, sanly maglumatlar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bu ýagdaý, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, guramalardan täzelenmegi hem-de öz iş usullaryny kämilleşdirmegi talap edýär.

Her ýyl ýaşlaryň bilim alýan daşary ýurt okuw edaralary ulgamy gi­ňeýär. Talyplaryň daşary ýurtlarda bilim almagy, hususan-da, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de beýleki ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan gazanylan hökümetara ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar.

Mugallymçylyk ugurly dört sany ýokary okuw mekdebinde — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda hünär ýokarlandyryş fakultetleriniň açylmagy, Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň ýanynda döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň döredilmegi ulgamyň işiniň döwrüň talaplaryndan ugur alnyp özgerdilýändigine aýdyň mysal.

Mekdep derslerini çuň­ňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek üçin, soň­ky ýyllarda gurulýan ähli bilim edaralarynda iň ösen okuw usullaryny, häzirki zaman kompýuter, interaktiw we multimedia tehnologiýasyndan peýdalanmak göz öňünde tutulan. Bu ýaşlara dünýä derejesinde bilim almaga, içki dünýäsini baýlaşdyrmaga, gözýetimini gi­ňeltmäge we ylmyň gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman bilimini sanly tehnologiýalardan üz­ňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Şo­ňa görä-de, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň esasynda ýokary okuw mekdepleriniň sanly bilim portallary işläp başlady. Portallar professor-mugallymlara we talyplara giň mümkinçilikleri açýar. Olar bilim bermegiň innowasion usullaryndan peýdalanmak, elektron resminama dolanyşygy, elektron kitaphana hyzmaty, dürli bäsleşikler we maslahatlar ýaly amatlyklary özünde jemleýär.

Sanly bilimi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri-de bilim ojaklarynyň ýokary tizlikli internet tory bilen üpjün edilmegi bolup durýar. Onuň ähmiýeti dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar bilen bagly çäklendirmeler döwründe has aýdyň ýüze çykdy. Bilim ojaklarynda zähmet çekýän professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň halkara maslahatlara, okuw-amaly sapaklara, dürli bäsleşiklere internet tory arkaly gatnaşmaga mümkinçilikleri bar.

Bilim hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Maşgala kodeksine, «Bilim hakynda» (rejelenen görnüşi), «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunlara hem-de ulgamy düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna esaslanýar.

Durmuş syýasatynda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň durmuş-ykdysady taýdan uýgunlaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Şeýle topara degişli çagalar üçin hereket edýän okuw mekdeplerinde umumybilim edaralarynyň okuw maksatnamasyndan birneme tapawutly meýilnamalara we maksatnamalara laýyklykda bilim berilýär. Olarda bilim, terbiýe bermek, saglygy dikeltmek işleri lukmançylyk ugurly hünärmenleriň, logopedleriň we defektologlaryň gönüden-göni gözegçiligi astynda amala aşyrylýar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda saglyk mümkinçiligi çäkli çagalar üçin irki ösüş merkezleri ýerleşdirildi. Bu bolsa olaryň ösmegi üçin inklýuziw gurşawy döretmäge mümkinçilik berýär. Dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň binýadynda ösüşinde bozulmalary bolan çagalar bilen işlemek boýunça synag geňeş beriş nokatlary hereket edýär. Olarda hünärmenleriň dersara toparlary işlemek bilen, saglyk mümkinçiligi çäkli çagalara we olaryň maşgalalaryna goldaw berilýär. Munuň özi şol çagalaryň durmuşa uýgunlaşmagyna we so­ňundan umumy görnüşdäki bilim edaralaryna barmagyna ýardam berýär.

Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň mynasyp bilim almagy üçin zerur şertler döredilýär (inklýuziw bilim). Mysal üçin, Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologik orta hünär okuw mekdebine Körler we kerler jemgyýeti tarapyndan maýyplygy bolan adamlara hünär öwretmegiň inklýuziw usullary üstünlikli ornaşdyryldy. Bu tejribe, ähli bilim edaralarynda ornaşdyrmak maksady bilen, milli kanunçylyga üýtgetmeleri girizmekde esas bolup hyzmat etdi.

Saglygy goraýyş edaralarynda uzak wagtlap bejergi alýan çagalar üçin olaryň bolýan ýerinde ýerleşýän orta mekdebiň mugallymlarynyň güýji bilen okuwlar guralýar. Mundan başga-da, dikeldiş merkezleri bolan okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň we bilim ulgamynyň Çaganyň irki ösüşi merkezleriniň ikisiniň binýadynda ornaşdyrylyp başlanan, maýyp çagalar, olaryň maşgalalary üçin dersara hyzmatlar şular ýaly çagalary umumybilim mekdebine geçirmek we adaty çagalar toparyna goşmak hem-de inklýuziw okuw gurşawyny döretmek üçin esas bolup durýar. Bu hyzmatlar maýyp çagalaryň geljekde durmuşa uýgunlaşmagyna we adaty gurşawa goşulyp gitmegine ýardam edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi çaga hem-de maşgala hakda döwletiň uly alada edýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Mümkinçiligi çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Olar saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, şeýle hem iýmit, okuw enjamlarydyr esbaplary, serişdeler bilen öz wagtynda üpjün edilýär.

Innowasiýa taýdan ösüşe tarap ugur alnan ýurdumyzda ýokary hünär derejesine, häzirki zaman bilimine we baý dünýägaraýşa eýe hünärmenleri ýetişdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýaş nesliň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliginiň netijeli ulanylmagy Watanymyzyň rowaçlygynyň kepilidir.

 

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň

ýanyndaky Döwlet gullugy

akademiýasynyň prorektory.

“Türkmenistan” gazeti,

05.08.2022ý.

Indiki makala

Ruhy hazyna

Meňzeş habarlar