Ruhy hazyna

Kitap ynsanyň dosty. Kitabyň peýdasy barada köp ýazyldy. Kitabyň waspyny ýazyjydyr şahyrlar öz eserlerinde beýan etdiler. Onda-da kitap hakynda söz açmak, söhbet etmek artykmaçlyk etmeýär.

Kitap saňa bilmeýäniňi öwredýär, gowulygy ündeýär. Kalbyna aňsat aralaşyp bilmegi hemme kişi başarmaýar. Ýöne kitap welin aňsatlyk bilen kalbyňa aralaşyp, seniň çyn dostuňa öwrülip gidiberýär. Bu diýseň geň we täsindir. Kitaby eliňe alyp okap başladygyňça onuň ähmiýeti artýar. Uzak ýola sapara gideniňde ähli goşlaryň bilen birlikde kitaby hem ýanyňa alýarsyň. Ol saňa ýoldaş bolup, wagtyňy peýdaly geçirmäge ýardam edýär, bilmeýän zatlaryňy öwredýär. Kitaby okap özüňi kämilleşdirýärsiň, gözýetimiňi giňeldýärsiň. Garaz, bizde oňat häsiýetleriň döremegine kitap ýardam edýär. Kitap — paýhasyň, dürdäne pikirleriň beýany. Zehinli bolmak üçin kitaby özüňe dost tutunmaly, köp okamaly. Gowy kitaby okap bolanyňdan soň onda aýdylýan pikirler seni oýlandyrýar. Bir dananyň aýdyşy ýaly, täze kitap okanyňda özüňe täze dost tutunan ýaly bolýarsyň, köne kitaby gaýtadan okanyňda welin öňki dostuňa duşan ýaly begenýärsiň. Kitaby köp okaýan adamynyň söz baýlygy artýar, dünýä garaýşy giňeýär. Hawa, kitabyň ähmiýeti barada isledigiňçe aýdyp bolar. Sebäbi ol ynsanyň çyn dosty. Täsirli kitaby okanyňda, onuň bilen ylalaşanyň, seniň içki oý-pikirleriňe aralaşanyny hem duýman galýarsyň. Onuň üçin çyn dostumyz bolan kitaby köp okap kämilleşmeli. Kitap durmuşy ýagtyldyp görkezýän yşykdyr. Goý, şol yşyk geljegimize many çaýsyn!

Bägül BAÝGELDIÝEWA,

«Mugallymlar gazeti»

Meňzeş habarlar