BÄSLEŞIKLER ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAR

Mähriban çagalar, siziň zehinli deň-duşlaryňyzyň ýene biri Orazmyrat Sähetmyradow. Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy. Orazmyrat daşary ýurt dilleri bilen içgin gyzyklanýar. Ol rus, iňlis, hem-de fransuz dillerini kämil bilýär. Sapaklaryndan diňe gowy bahalar bilen okaýar, esasan-da, matematika dersi onuň has yhlasly okaýan sapaklarynyň biri. Dürli bäsleşiklere gatnaşyp üstünlik gazanmagy Orazmyrady täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Orazmyrat 2020-nji ýylda geçirilen VII Eýran halkara geometriýa olimpiadasynda kümüş medala, 2021-nji ýylda VIII Eýran halkara geometriýa internet olimpiadasynda bürünç medala, 2021-nji ýylda Hindistanyň Nýu Deli şäherinde Ylmy Olimpiadalar Fondy (SOF) tarapyndan geçirilen halkara internet olimpiadasynda iňlis dili dersi boýunça altyn medala, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilen «UNIPO — 2021» Bütindünýä halkara internet taslama bäsleşigine informatika dersi boýunça gatnaşyp, bürünç medala eýe boldy.

Ýakynda Azerbaýjan Respublikasynyň Bilim ministrligi tarapyndan uzak aralykdan (onlaýn görnüşde) 1-nji halkara Lutfi Zade bäsleşigi geçirildi. Baku şäherinde matematika we informatika dersleri boýunça guralan bu bäsleşige 18 döwletden 158 okuwçy gatnaşdy. Bu bäsleşige gatnaşan ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň 10-syndan düzülen saýlanan topara Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň matematika mugallymy Arslan Hojiýew ýolbaşçylyk etdi. Halkara bäsleşige gatnaşan zehinli okuwçylarymyz üstünlikli çykyş edip, 4 kümüş, 1 bürünç, jemi 5 medala mynasyp boldular. Orazmyrat hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, matematika we informatika dersi boýunça kümüş medala mynasyp boldy.

Gazanýan üstünlikleriniň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ylym-bilim ulgamynyň ösmegi üçin döredilýän giň şertlerden gözbaş alýandygyny Orazmyrat buýsanç bilen nygtap, munuň üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsunlaryny aýdýar. Eziz Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary netijeler bilen jogap bermek Orazmyradyň baş maksady. Maksada okgunly, zehinli deň-duşuňyz Orazmyrada ýeneki bäsleşiklerde üstünlikler gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

 

«Güneş».

№1, 2022ý.

Meňzeş habarlar