Berkarar Watanymyzda ylym-bilime aýratyn üns gönükdirilip, ýaşlarymyza öz saýlan, höwes edýän hünäri boýunça okamaga, ökde hünärmen bolup ýetişmäge giň mümkinçilikler bar. Şonuň bilen baglylykda, ýylyň-ýylyna orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlara ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilimlerini dowam etmäge ajaýyp şertler döredilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda-da şeýle şertlerdir mümkinçiliklerden peýdalanmaga höwes edýän ýaşlaryň az däldigine şu günler dowam edýän giriş synaglarynyň mysalynda göz ýetirmek bolýar.
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglarynyň welaýatymyzda 27-nji iýulda başlanandygyny we häzirki günlerde synaglaryň geçiş tertibine laýyklykda guramaçylykly dowam edýändigini bellemelidiris. Ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglarynyň Ahal welaýaty boýunça geçiş tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy boýunça giriş synaglary 27—30-njy iýul, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar instituty, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy boýunça giriş synaglary 5—8-nji awgust aralygynda geçirildi. 31-nji iýulda bolsa, Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hem-de Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby bolmaga höwes edýän ýaşlar giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrdylar.
Diýarymyzyň beýleki ýokary we orta hünär okuw mekdepleri boýunça giriş synaglarynyň guramaçylykly geçmegi babatda hem ähli şertler we mümkinçilikler göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky tagallalary bu gün barha rowaç alýar.
Rüstem MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň
başlygynyň orunbasary.
“Ahal durmuşy” gazeti,
10.08.2022ý.