MEKDEP BAZARLARY IŞLÄP BAŞLADY

 Bu babatda gyzyklanyp, «Gülüstan» döwlet söwda merkeziniň meýdançasynda guralan mekdep bazarynda bolanymyzda, bu ýerde talyp ýaşlardan başlap, ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagalaryndan ätlejek körpeleriň ene-atalary bilen täze okuw ýylyna gerekli esbaplary alýan pursatlaryna gabat geldik.

Hawa, giň meýdançada hatara düzülen hem-de baýramçylyk lybasyna beslenen mekdep bazary has-da göze gelüwliligi bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekýär.

— Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek ýa-da täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän talyp ýaşlar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralan, eýýäm ençeme ýyldan bäri däbe öwrülen mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny satyn alýarlar. Mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlar üçin niýetlenen okuw esbaplary, ýurdumyzyň telekeçileri we Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan öndürilen önümler özüniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Görşüňiz ýaly, Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň tikinçilik kärhanalarynyň we türkmen telekeçileriniň öndüren dürli ölçegdäki mekdep lybaslary hil taýdan göze gelüwliligi bilen alyjylaryň göwnünden turýar — diýip, «Gülüstan» döwlet söwda merkeziniň bazar müdiri Myrat Rahmanow ýürek buýsanjyny guwanç bilen beýan etdi.

 

Mekdep bazarlaryndaky okuw esbaplarynyň aglabasy milli harytlarymyz. Mekdep bazarynda okuwçy gyzlara niýetlenen, türkmeniň milli ruhuna kybap gelýän uzyn ýeňli, ýakalary keşdelenen ýaşyl reňkli köýnekler bilen reňkdeş penjekler, fartuklar, zähmet sapagynda geýmek üçin niýetlenen lybaslar okuwçy gyzlarda höwes döredýär. Oglanlar-da bu ýerden özlerine gerekli mekdep lybaslarynyň— köýnekdir penjekleriň, aýakgaplaryň içinden göwnüne ýaranyny höwes bilen satyn alýarlar. Bazaryň tekjelerine bezeg berýän, nepis bejerilen başgaplar, ýantorbalardyr okuw esbaplary alyjylaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Esasy bellemeli zat mekdep bazarlarynda harytlaryň nyrhynyň halk köpçüligi üçin elýeterli bolmagydyr.

Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilýän okuw esbaplary diňe bir ýokary hilliligi bilen tapawutlanman, eýsem, göze gelüwliligi bilen-de alyjylaryň ünsüni özüne çekýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna»

 

 

haryt nyşany bilen alyjylara hödürlenýän okuw esbaplary taryhymyza buýsanjyňy artdyrýan gadymy ýadygärliklerdir ajaýyp zamanamyzyň ösüşleriniň beýany bolan owadan binalaryň suratlary bilen-de bezelipdir.

Tomusky dynç alyş möwsümini şatlyk-şagalaň bilen geçirýän çagalar şu günler söwdasy gyzgalaňly dowam edýän mekdep bazarlaryndan gerekli okuw esbaplaryny höwes bilen satyn alýarlar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ilkinji gezek ak mekdebiň bosagasyndan ätlejek çagalara ata-eneleri bilen mekdep bazarlarynda döredilen söwda-satuw sergilerine aýlanmak hakyky baýramçylyk şatlygyny paýlaýar.

Sona DURDYÝEWA.

«Türkmenistan».

Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.