Ahalteke bedewleri – ýurdumyzyň milli baýlygydyr

Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halky, adamzat äleminde özüniň kämil derejede kemala getiren ençeme gymmatlyklaryny sowgat berdi. Olardan türkmen atyny, alabaýyny, halysyny, dutaryny, zergärleriň ýasan şaý-seplerini we ençeme zatlaryny mysal getirmek bolar. Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat – milli medeniýetdir. Milli medeniýeti dünýä ýaýýan gymmatlyk hem milli mirasdyr. Bu iki baýlyk birigip, milli mirasyň müdimiligini üpjün edýär.

         Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhraty dikeldilip başlandy we olaryň köpeldilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertler döredildi. Ahalteke bedewi özüniň taryhy Watanynda hakyky keşbine eýe boldy. Dünýäde özüniň ýyndamlygy, owadanlygy bilen meşhur bolan Ýanardag Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi  we ol erkinligiň hem-de garaşsyzlygyň hemişelik nyşanyna öwrüldi. Şol döwürden naýbaşy tohumdaky atlary mundan beýläk-de artdyrmak, ony dünýä ýüzünde ýaýratmak we meşhur etmek babatynda tohumçylyk-seçgi işleriniň täze tapgyrlaryna badalga berildi. Şol maksat bilen, 1991-nji ýylda “Türkmen atlary” döwlet birleşigi döredildi.  Birleşik ahalteke bedewlerini seýislemek we köpeltmek ugrunda ýurdumyzda birnäçe ýyldan bäri zähmet çekýän raýatlary, hünärmenleri birleşdirdi. Bir söz bilen aýdanymyzda, birleşik tarapyndan ahalteke bedewlerimizi dünýä ýaýmak we olary köpeltmek bilen bagly işleriň täze tapgyry başlanyldy. Häzirki döwürde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Türkmen atşynaslygy milli muzeýinde öz beýanyny tapan gadymy baý däp-dessurlary hil taýdan täze dereje çykdy. 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, behişdi bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirip, bilelikde taslamalary alyp barmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik döretdi.

“Ahalteke aty türkmen halkynyň beýik syrydyr” diýip bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz bu beýik, gaýtalanmajak derejede kämil sungatyň syrlaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak, gorap saklamak ugrunda giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”, “Gadamy batly bedew” atly gymmatly eserleri türkmeniň bedewine bagyşlanan eserleridir. Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy” romanlarynda türkmeniň bedew atyna bolan sarpasy, söýgüsi uly buýsanç bilen beýan edilýär. Bu gymmatly eserleri okanymyzda diňe bir halkymyzyň seýisçilik sungatynyň ösüşi, kemala gelşi, milletimiziň bedew atyna bolan buýsanjy bilen tanyşman, eýsem Gahryman Arkadagymyzyň bedew ata bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň beýikdigine, ýaş nesiller üçin nusgalykdygyna göz ýetirýäris.

         Berdimuhamet mugallymyň süýtdeş agasy, kolhozyň atbakary, atşynaslyk bilen çagalykdan meşgullanan Aba Annaýewiň ussat atşynas, ökde seýis bolandygy baradaky arhiw maglumatlary saklanyp galypdyr. Aba Annaýewiň meşhur atşynas bolandygyny we onuň ahalteke bedewini gorap saklamak, kämilleşdirmek işine ägirt uly goşant goşandygyny bellemek bolar. Bu dogrusynda Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” atly kitabynda şeýle ýazýar: “Aba Annaýewiň ady 1916-njy ýyldan bäri Zakaspi oblastynyň Aşgabat uýezdiniň atçylyk bilen meşgullanýan hojalyklarynyň düzüminde görkezilip gelinýär. Şol resminamalarda onuň gara reňkli, üçýaşar, maňlaýy sakar meşhur bedewiniň bolandygyny okamak bolýar”. Aba Annaýewiň bedew ata ideg etmek barada beren gymmatly maslahatlary biziň günlerimizde-de seýisçilik sungatynda ulanylýar. Olaryň käbirlerini Gahryman Arkadagymyz “Älem içre at gezer” romanynda : “Aba: “Bedewe “haýwan”, “mal” diýseň halamaz, düşünýändir. Sebäbi olaryň arasynda hem edil adamlaryňky ýaly gatnaşyk bardyr, biri-birine sözsüz düşünerler. Olar garaýyş, hereket bilen düşünişýärler. Bu ýerde hem, esasan, söýgi we mähir gerekdir” diýerdi”, diýip belläp geçýär. “Döwlet guşy” romanynda Aba aganyň bedewleriň derdini anyklaýşy, ata ideg edilende mahal-mahal onuň gözlerine seredip, içki dünýäsine aralaşyp durmak barada beren maslahatyny şeýle ýatlaýar: “...sen atyň aram-aram ullakan garamyk gözlerine bir seret ahyryn. Gözlerinde ähli derdini aýdýar-a ol”...

Berdimuhamet mugallymyň Dagarman atly atynyň bolandygy, oňa maşgalada edil çaga sereden ýaly seredilendigi, maşgala agzalarynyň bedewe bolan söýgüsi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” romanynda çeper beýan edilýär. Eserde Berdimuhamet mugallymyň Watan goragyna gideninde-de atynyň aladasyny edip, ony obadaşy, eseriň gahrymany Berkeli aga berip gidişi, şol pursatda onuň aty Dagarman bilen hoşlaşygy şeýle beýan edilýär: “Berdimuhamet aty bilen hoşlaşdy, oňa özüniň obada bolmajakdygyny, gelýänçä Berkeli aga hyzmat etmelidigini aýtdy. Daman eýesiniň sözüne intipis edip, gussaly bakdy”. Eserde: “Dagarman eýesiniň sözüne ýa düşünmändir ýa-da düşünse-de, sargyda tabyn bolmak islemändir, ertesi Dagarman öňküje ýerinde durdy” diýen jümleleri getirmek bilen, Gahryman Arkadagymyz ahalteke bedewiniň eýesine, saklanan ojagyna wepalylyk häsiýetini beýan edýär.

Bedew at bilen meşgullanýan adamyň beden we ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer we zähmetsöýer, maksada okgunly bolýandygyny ata-babalarymyz özleriniň toplan köpýyllyk tejribelerinden bilipdirler. Şonuň üçin-de olar öz nesillerine çagalykdan bedew münmegiň, oňa ideg etmegiň, at çapmagyň inçe syrlaryny öwredipdirler. Ýurdumyzda köňüllerimize joşgun, döredijiligimize ylham berýän bedew atlarymyzy ösdürip ýetişdirýän ussat atşynaslarymyz hakynda döwlet derejesinde uly alada edilýär. Olaryň zähmetine mynasyp baha berlip, “Türkmenistanyň halk atşynasy”, “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” ýaly hormatly atlar dakylýar. Bu bolsa olary ajaýyp, arassa ganly tohum atlarymyzy ýetişdirmekde ruhubelent we yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň gözellik bäsleşiklerini geçirmek, iň owadan bedewleri ýetişdiren atşynaslary sylaglamak ajaýyp däbe öwrüldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO hem-de beýleki iri abraýly guramalar, şol sanda daşary ýurt assosiasiýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Döwletimiz tarapyndan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda “Ahalteke atlaryny seýislemek” sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň teklibi ähli türkmen halkymyz bilen bir hatarda ýaşlar tarapyndan hem uly goldawa eýe boldy.  

Milli baýlyklarymyzyň ajaýyp nusgalary bolan ahalteke atlarynyň, alabaý itleriniň we başga-da ençeme medeni gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini üpjün etmek ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň we onuň Sekretariatynyň gündelik işinde ileri tutulýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Halkyň Arkadagly zamanasynyň 13-nji maýynda Türkiýe respublikasynda geçirilen Halkara Türk Medeniýet Guramasyna (TÜRKSOY) agza ýurtlarynyň milli komissiýalarynyň sekizinji mejlisine Türkmen wekilýeti hem gatnaşdy. Mejlisde ÝUNESKO üçin Türkmenistanyň Milli kommissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Çynar Rüstemowa çykyş edip, öz çykyşynda ÝUNESKO-nyň başlangyçlaryna we gymmatlyklaryna  ýurdumyzyň ygrarlygyny ykrar edip, Bütindünýä mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň esasy ugurlaryny kesgitledi. Şeýle-de, ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerimizi, senetçilik däp-dessurlarymyzy, türkmen alabaýlaryny ösdürmek ýetişdirmek bilen birlikde Ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmegiň milli usulyýeti üçin hödürlenýän köptaraplaýyn dalaşgärler ÝUNESKO-nyň Adamzadyň medeni mirasynyň sanawynda türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklary hasaba alyndy. Özüniň häsiýetli aýratynlyklary bilen birnäçe müňýyllyklara barabar döwrüň synagyndan geçmegi başaran ahalteke atymyz şan-şöhraty bireýýäm dünýä ýaýran milli mirasymyz we buýsanjymyzdyr. Şeýlelikde, ahalteke bedewlerini seýislemek, köpeltmek we kämilleşdirmek babatynda halk köpçüliginiň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işler bu ajaýyp mirasymyzyň jemgyýetçilik ähmiýetini çuňlaşdyrýar we onuň ýakyn wagtda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmek mümkinçiligini has hem artdyrýar.  

Aslynda adam durmuş örkini diňe mukaddeslikde görýär. Mukaddes işler hem ynsan ömrüni beýgeldýän zamanasydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli işleriň ählisi-de mukaddeslikdir. Şeýle işleriň biri-de, biziň milli mirasymyz bolan ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa, ata-babalarymyz tarapyndan dowam edip gelýän milli mirasymyzyň ýaş nesillere geçirilmegidir. Milli ýörelgelerimiziň dowamatynyň dowam bolmagy, atçylyk däplerimiziň goralmagy we ösdürilmegi ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Peýdalanylan edebiýatlar:

 

1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz. –Aşgabat, TDNG, 2008.

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. –Aşgabat, TDNG, 2011.

3. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ganatly bedewler. –Aşgabat, TDNG, 2011

4. Gurbanguly Berdimuhamedow. Döwlet guşy. –Aşgabat, TDNG, 2013.

5. Gurbanguly Berdimuhamedow. Atda wepa-da bar, sapa-da. –Aşgabat, TDNG, 2020.

6. Çynar Rüstemowa. “Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň tezisler ýygyndysy. Aşgabat, TDNG, 2022.

 

 

Diýar Yhtyýarow,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet  uniwersitetiniň geografiýa

fakultetiniň daşky gurşawy öwreniş hünäriniň V ýyl talyby,

“Ýylyň talyby – 2022” Döwlet bilim bäsleşiginiň ýeňijisi.

 

Meňzeş habarlar