Her ýylyň nähili boljakdygy onuň girip gelşinden belli. Muňa “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly ýylyň ilkinji günlerinde bolup geçen şaltykly wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýadyňyzda bolsa, täze ýylyň ilkinji günlerinde täze doglan taýçanaga Gahryman Arkadagymyz “Zaman” adyny dakdy we “Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen geljege dowam bolsun!” diýmek bilen, “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip yglan edilen ýyldan başlanjak ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň şowly ýeňişler, maksatly menziller bilen tamamlanjakdygyna uly ynam bildirdi. Hawa, şonda mähriban Arkadagymyz käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakmagy bu bildirilen ynama ruhy öwüşginlik çaýan ýaly göründi.
Türkmenlerde bedewler ýedi hazynanyň biri hasaplanýar. Diýmek, “Zaman” atly taýçanak hem türkmen halkyna täze ýylyň, täze eýýamyň rysgally geljekdiginiň buşlukçysy boldy. Hawa, şu ýylyň nyşanynda hem Gahryman Arkadagymyzyň Akhana atlanyp çarpaýadan ak kepderini uçurup duran pursadynyň heýkeli ýerleşdirildi. Bu Gahryman Arkadagly türkmen halkyna Hakdan rysgal-berekediň eçiljekdiginiň alamatydyr.
ÝEDI ARKANYŇ DOWAMATY
Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlere bagyşlap ýazan kitaplary hem olaryň şan-şöhratynyň ýokarydygyny görkezýär. Mähriban Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda gymmatly maglumat berlen. Onda Tugramyzdaky Ýanardagyň Gahryman Arkadagymyzyň öz nebereleriniň atydygy barada aýdylýar. Ýagny, Ýanardagyň ýedi arkasyna degişli baýtal Aba Annaýewiň elinde seýislenilip, soňra Gazagystana äkidilipdir. Ondan hem Sluçaý, Fakirsulu, Fakirpälwan, Opal, Aýgytly, Ýakymly, Ýanardag gözbaş alyp gaýdypdyr.
Görüp otursam, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewiň “Ýanardagyň ýedi arkasy” atly eserinde hem bu hakykat aýdyň beýan edilipdir. Ýagny, Ýanardagyň keşbi çekilen halynyň sag tarapynda onuň ýedi arkasyna degişli ähli atlaryň hem keşbi bar. Şol halynyň gapdalynda bolsa, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Täçgeldi Gutlyýewiň ýörite ýazan goşgusy hem ýerleşdirilipdir. Goşguda Ýanardagyň ýedi arkasy barada şeýle setirler bar:
Gözbaşyňda Aba seýis durandyr,
Tugra gaş boljagyň öňden görendir,
Ýedi arka pata beren erendir,
Aýlanaýyn akabaňdan Ýanardag,
Aýlanaýyn ak pataňdan Ýanardag.
Abaň bedewinden Sluçaý dörän
Soň dor Fakirsulu Al Fakirpälwan,
Opaldan Aýgytly, Ýakymly örňän,
Aýlanaýyn ýedi arkaňdan Ýanardag,
Aýlanaýyn ýeg sarpaňdan Ýanardag.
Diýmek, Ýanardag bilen baglanyşykly gelen ýylyň rysgally boljakdygy şübhesizdir. Goý, eziz ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň bady hiç haçan egsilmesin!
WASPY DILDEN DILE DÜŞÝÄN BEDEWLER
Hawa, behişdi türkmen bedewleriň waspyny näçe taryplasaň az ýaly...
Ahalteke bedewleriniň şaý-seplerini wasp etjekmi ýa-da olaryň ajaýyp keşbi çekilen halylary taryplajakmy, garaz aýdybermeli zatlar gaty kän. Geçen ýyl Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademýasynda bedew baýramy mynasybetli ýörite sergi guraldy. Sergide täsin sungat eserleriniň dürli görnüşleri ýerleşdirilipdi. Bedewleriň keşbi çekilen owadan haly olaryň arasyndan aýratyn tapawutlanyp durdy. Ol halynyň gapdalynda “Türkmenistan – bedewler mekany” diýen ýazgy hem ýerleşdirilipdir. Görüp otursam, bu eser Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe degişli eken. Elbetde, maňa onuň bilen hem söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi.
–Bu haly janly haly. Onda janly atyň keşbi göz öňüňde janlanýar. Uzynlygy 2,5 metr bolan bu halynyň ýüzüne men dürli reňkdäki bedewleriň şekilini ýerleşdirdim. Halydaky her bir reňkiň aňladýan manysy bar. Ak reňki päk niýete, gara reňki garaňky gijä, gök reňki suwa, sary reňki güneşe, ýaşyl reňki agaçlardyr-otlara meňzedip bolýar. Halydan 2 metr uzaklykda eliň başam barmagyny uzadyp, dyrnagyňa seredip durmaly. Biraz wagtdan soňra ajaýyp bedewiň keşbi halynyň ýüzüne çykar.
–diýip, uly yhlas, ylahy zehin bilen döredilen bu täsin sungat eseri barada Ada Gutlyýewiň özi şeýle diýýär.
Şeýle-de, şol sergide bedewlere dakylýan owadan şaý-sepler hem ýerleşdirilipdi. Gaşlarynyň lowurdysy bilen gözüňi gamaşdyryp barýan şaý-sepler barada Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň hem-de dizaýnerner birleşiginiň agzasy, ussat zergär Myrat Sähedow şeýle gürrüň berdi:
–Ahalteke bedewlerini ata-babalarymyz owadan şaý-sepler bilen bezäpdirler. Şaý-sepler bedewleriň görküne aýratyn öwüşginlik çaýýar. Olaryň dürli görnüşleri bar. Atlaryň döşüne “göwsent”, boýnuna “boýunlak” (alagaýyş), başyna “jylaw” (uýan) diýlip atlandyrylýan ýörite şaý bezegleri dakylýar. Elbetde, şaý-sepler ýurdumyzyň her sebitinde özüniň ýasalyş aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Hat-da etrapda ýasalýan zergär önümleri hem biri-birinden aýrybaşga. Olaryň her biri aýratyn nagyşlar, owadan gaşlar bilen bezelýär. Biziň bedewler üçin ýasan şaý-seplerimiz ýurdumyzyň hem-de halkara derejesinde geçirilýän sergilere birnäçe gezek gatnaşdyryldy. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hökmünde daşary ýurtlylaryň ahalteke bedewleriniň şaý-seplerine örän ýokary baha berýändigini aýtmak bolar. Munuň özi bolsa, bedewleriň milli şaý-sepleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň alamatydyr.
Hawa, şol sergide ýerleşdirilen her bir sungat eserini synlanyňda behişdi ahalteke bedewlerine bolan belent söýgüni görmek bolýar. Bedewler halkymyzyň buýsanjy hem-de guwanjy. Owadanlygy, ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýmagy başaran ahalteke bedewleriniň bady egsilmesin!
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
talyby.