DÖWLET GULLUGYNDA AHLAK GYMMATLYKLARYNYŇ ORNY

Dolandyryş işiniň kämilligi döwlet edaralarynda işleýänleriň – döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygy, ahlak keşbi we işewür sypatlary, ýokary derejedäki medeniýetliligi, edepliligi bilen pugta baglanyşyklydyr.

Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň döwrüň barha ösýän talabyna laýyk bolmagy babatynda alnyp barylýan işleriň çygrynda hormatly Prezidentimiz döwlet gullukçylarynyň edebi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär. Iş we durmuş babatda hemişe üstünlik gazanmak, oňyn netijelere ýetmek üçin döwlet gullukçysy özünde birnäçe edep-häsiýetlerini terbiýelemäge borçludyr. Muňa başgaça «döwlet gullukçysynyň etikasy» ýa-da «Döwlet gullukçysynyň edep kadalary» diýip hem kesgitleme berip bolar.

Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 2-nji maddasynda döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşy barada şeýle kesgitlenen: «Gulluk özüni alyp barşy – döwlet gullugynyň ahlak mazmunyna döwletiň we jemgyýetiň talaplaryny beýan edýän kadalaryň jemi, olar döwlet gullukçysynyň öz gulluk işini amala aşyrmagynyň barşynda özüni alyp baryş düzgünleriniň emele getirilmegi üçin esas bolýar» (3, 2-nji madda.) Bu kanunda döwlet gullugynyň aýratynlyklary, döwlet gullukçylaryna mahsus bolmaly ahlak-edep kadalar, gulluk etikasy, döwlet gullugynda özüňi alyp barmagyň endikleri barada giňişleýin maglumat berilýär.

Häzirki zaman etiketinde bütin dünýäniň ähli halklarynyň gadymyýetden şu güne çenli adatlary, däpleri we dessurlary öz beýanyny tapýar. Bu däp-dessurlar, esasan, hemmeler üçin umumydyr. Olar haýsydyr bir jemgyýetiň wekilleri üçin kabul edilmän, eýsem, häzirki zaman dünýäniň dürli sosial-syýasy ulgamy üçin kabul edilendir. Bilermenleriň pikirine görä, her bir üstünlikli wezipe gulluga, at-abraýa ýeten adamlaryň 85 göterimi daş-töweregi bilen ýakymly aragatnaşyk etmek başarnygyna, ukybyna görä, 15 göterimi bolsa diňe özüniň kämil bilimine görä mynasyp bolupdyr. Bu bolsa ýene bir gezek edep kadalarynyň talaplaryny we işjeň aragatnaşygyň kanunlaryny berjaý etmek bilen, üstünlige, at-abraýa ýetip bolýandygyny subut edýär.

Her ýurduň halky öz ýurdunyň jemgyýetçilik durmuşy, taryhy gelip çykyşynyň aýratynlyklary, milli däp-dessurlary bilen baglylykda etikete düzedişler, üýtgeşmeler girizip, onuň üstüni ýetirýär, baýlaşdyrýar we kämilleşdirýär. Sebäbi çalt depginler we örän tiz özgerýän dünýä durmuşynda döwrebap hereket etmek, hatda edep-etika babatda hem ähli peýdalanmak wajypdyr. Şu nukdaýnazardan, bize halkara etiketini, sözleýiş umumylyklaryny we aýratynlyklaryny bilmek zerur bolup durýar.

Edeplilik örän giň düşünje bolup, ol ynsan häsiýetlerindäki, adamlaryň özara gatnaşyklaryndaky düzgün-tertibi, edepliligi, medeniýetliligi öz içine alýar. Edim-gylymdan edebe, düşünjeden dessura öwrülip galan oňyn häsiýetler, sogaply hereketler elmydama eý görülýär. Ol işleriň ilerlemegine itergi berýän ilkinji sebäplerdir. Edep gymmatlygy uly hazyna. Türkmeniň owal-ahyrda beýik millet bolup galmagynda onuň ahlak-edebi gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan halkdygy üçindir. Öten döwürlerdäki alymlar, danalar, halypalar türkmenler bilen gatnaşyk açmagy özlerine mertebe hasaplapdyrlar. Bularyň ählisiniň gözbaşynda «edeplilik» diýilýän düşünjä syrygýan gözel gylyklar, sagdyn garaýyşlar ýatyr.

Gahryman Arkadagymyz döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ruhy-ahlak we edep gymmatlygyna uly üns bermegi tötänlik däldir. Türkmeni millet hökmünde beýiklige galdyrýan bu gymmatlygy özgerip duran häzirki zaman dünýäsinde aýratyn alada bilen gurşamak zerurlyk bolup durýar. Bu her bir raýata hem mahsusdyr welin, döwlet gullukçylary üçin has-da zerur bolup durýar. 

Eziz Arkadagymyz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, öz halkynyň milli medeniýetini, özboluşlylygyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny, dilini, taryhyny, umuman aýdanymyzda, halky beýik derejelere göterjek düýpleýin esas bolup hyzmat edýän mentalitetimizi, milli medeniýetimizi täzeden galkyndyrmaga aýratyn üns berdi. Öz milletiňe bolan guwanjy gazanyp bilmek kämil şahsyýetligiň alamatydyr. Hormatly Arkadagymyzyň peşgeş beren ajaýyp kitaplarynda söz hakynda öwran-öwran pikir ýöredilip, ýaman söz bilen adamlaryň göwnüne degmezligi, ýüregine bitmez ýara salmazlygy, olaryň ynjan göwünlerini awlamagy maslahat berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň Milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize bagyşlanan «Döwlet guşy» romany, «Çaý – melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly birnäçe ajaýyp kitaplary hem kämil döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda biz üçin usuly gollanma bolup hyzmat edýär. Pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp kitaplarda eziz Watanymyzyň mukaddesligine, halkymyzyň uzak asyrlardan bäri dowam edip gelýän asylly däp-dessurlaryna, döreden milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýulýar. Kitaplaryň sahypalaryna ser salanyňda, türkmen halkynyň durmuşynda uly orun tutýan ata Watanymyza, milli gymmatlyklarymyza bolan söýginiň jemlenendigine göz ýetirýärsiň. Muňa mysal edip, «Döwlet guşy» romanyndaky «Mähriban kyblamyň ömür ýoly – maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim» (2, 5 s.) diýen setirlerini alyp bileris. Setirlerden görnüşi ýaly, bu jüm-lede ahlak sypatlar, Watanyňy, halkyňy, ata-eneňi ezizlemegiň, söýmegiň, maksada okgunlylygyň, ruhubelentliligiň inçe syrlary dogrusynda bellenip geçilýär. Şonuň bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde öz beýanyny tapýan ata-babalarymyzyň milli terbiýesi, ýol-ýörelgesi biziň üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.

Nesilden nesle, atadan ogla, eneden gyza geçip, asyrlarboýy dowam edip gelýän milli ahlak kadalarymyzda ýokary kämilligiň we berk ylmy esasyň bardygy aýratyn bellärlikdir. Olar halkymyzyň ýaşaýyş durmuş dowamatynda-da, milli mirasymyzyň baý gaznasynyň «Kowusnama», «Gorkut ata», «Wagzy-Azat», «Görogly» ýaly pähim-paýhas gorlaryny özünde jemleýän ençeme eserlerinde-de, öz beýanyny tapypdyr. Olar edebi-çeper ýa-da jemgyýetçilik eserleri bolman, eýsem, çuň mazmunly ylmy ýazgylary, milli ahlak medeniýetimiziň beýikligini özünde jemleýän baýlyklardyr.

Adamyň şahsyýetine baha berlende, ilkinji nobatda, onuň edebi, tertibi, görüm-göreldesi nazara alynýar. Beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragy özüniň «Otur-turuşyn görüň» diýen goşgusynda erkek adamlaryň edebi barada şeýle diýýär:

 

«Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz,

Märekede otur-turuşyn görüň».

 

Zenan edebi barada:

 

«Hyrydar bolsaňyz gyza, geline,

Edebin, ekramyn, oturşyn görüň «

(4, 402 s.).

 

Setirlerden görnüşi ýaly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy adamkärçiligiň gowy sypatlaryny, ahlak arassalygyny öwretmegi, olarda Watana, zähmete, ýaşaýşa, gözellige, dostluga, agzybirlige söýgi döretmegi, ynsan mertebesini wasp etmegi, adamçylyga gelişmeýän ýaramaz häsiýetlere ýigrenç döretmegi özüniň borjy hasaplapdyr. 

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly pähiminden ugur alyp, döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň esasy wezipesi halka, adamlara hyzmat etmeklik bolup durýar. Döwlet gullukçysynyň ilkinji berjaý etmeli zatlarynyň biri hem halkyň döwlet edaralaryna ýüz tutup gelýän wekillerini göwnejaý kabul etmek we olaryň arz-şikaýatlarydyr tekliplerini diňlemegi başarmakdyr. Sebäbi döwlet gullukçysynyň ýüzi – döwletiň ýüzi, diýmek, döwlet gullukçysy ilkinji ädimden başlap, halkyň ýüregine aralaşmagyň «açaryny» tapmaly. Ol göze ilginç bolmadyk sada geýnişden başlap, asylly durky, ynamly nazary, açyk göwni, düşnükli we açyk sözleýşi, aýdyň soraglary, takyk, anyk jogap berşi we ş.m. öz içine alýar. Şol zatlar döwlet gullukçysynyň halk bilen dessine «dil tapyşyp», özara ynam esasynda işläp başlamagyna, baý maglumatlary ele almagyna mümkinçilik berýär. Ýeri gelende bellesek, döwlet gullukçysynyň imiji, sözleýiş medeniýeti, ýagny edebi hem-de hereketi özara berk baglanyşan bolmaly. Onuň häsiýetinde sözüň hereketden aýry çykmazlygy baş talaplaryň biridir. Sebäbi professional wyždan ondan mydama dogruçyl, adamkärçilikli we ynsanperwer bolmagy talap edýän bolsa, söz bilen işiň gabat gelmegi onuň öňünde wakalary we maglumatlary dogruçyl beýan etmegiň şertini goýýar.

Elbetde, ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly, döwlet gullukçylarynyň esasy wezipesi hem halk köpçüligi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup durýar. Adamlar bilen aragatnaşyk etmekde, mähremligi aňlatmakda söz adamzadyň iň uly gymmatlygydyr. Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azadynyň adam göwnüni ýykmak Käbäni ýykandan müň gezek erbet zatdyr diýşi ýaly, adamyň göwnüne degmek hem, ony ruhy taýdan kemsitmek bolýar. Çünki göwün – ahlagyň esasy daýanjy. Göwün – ahlak tarapyn ýol berlen, ruhlaşdyrylan, ruhy manyly tebigy islegleriň jemidir, ýagny göwün – adamzat ruhunyň şahsyýet birligidir. Şonuň üçinem, göwne yhlas, isleg we arzuw, açyklyk hem päklik, gözellik, akyllylyk, edep-haýa ýaly ajaýyp häsiýetler mahsusdyr.

Hut şu sebäpli hem, Magtymgulynyň goşgularynyň mazmuny we estetiki garaýyşlary adamkärçiligiň belent hem asylly sypatlaryna, adam ruhunyň gözelliklerine, täsinliklerine ýugrulandyr. Magtymguly hemmeleriň ruhy dünýäsiniň baý hem gözel, kalbynyň päk bolmagyny arzuw edipdir. Ol bütin döredijiligini il-gününe bagyş edipdir. Şeýle-de beýik söz ussadymyzyň döredijiliginde kalp mähremligi, arassalygy we mylaýymlygy, söz we onuň manysy hakyndaky şireli setirler eriş-argaç bolup geçýär:

 

«Asla adamzada ajy söz urma,

Pahyra-mesgine delalat ýagşy»(4, 397 s.)

 

diýip bellemek bilen, durmuşyň dowamynda adam özünde oňat gylyk-häsiýeti ösdürip kemala getirmelidigini nygtaýar. Söz ýürekden çykanda onuň şöhlesi öçmeýär. Danalar aýtmyşlaýyn, söz mukaddesdir, sebäbi onuň baryp ornaşýan ýeri ýürekdir. Şeýle-de şahyr ýagşy, oňat sözleriň adamlaryň kalbynyň töründe orun alýandygyny, ýagşy sözleriň daşy hem eredýändigini bilip, her bir adamyň süýji sözli, şirin dilli bolmagyny isläpdir. Elbetde, kalpdan çykan tämiz söz ynsanlary ýagty geljege ruhlandyrýar. Türkmen halky sözüň güýjüne uly ähmiýet beripdir. Magtymguly atamyz şeýle diýýär

 

«Magtymguly, ýangyl, öçgül,

Ýa lal otur, ýa dür saçgyl» (4, 279 s.)

 

Şonuň üçinem hemmeler ýaman sözden gaça durup, ýagşy sözlemäge, adamlarda gowy täsir galdyrmaga çalşypdyrlar. Lukman hekim öz şägirtlerine maslahat bereninde «Lukman bolmak üçin üç zat zerur: lukmançylyk ugrundan bilim, lukmançylyk abzallary hem-de mylakatly ýüz, süýji söz» diýer ekeni. Şonuň üçin döwlet gullukçysy ilki bilen özünde süýji sözlüligi, mylakatlylygy terbiýelemegi zerur bolup durýar. Ol ynsanlaryň ýüregine eltýän iň ygtybarly ýoldur.

«Goý, biziň ählimize eziz Watanymyza, mähriban halkymyza tüýs ýürekden gulluk etmek bagty miýesser etsin!» (5. ,»Türkmenistan» gazeti, 2019-njy ýylyň, 14-nji fewraly.) diýen parasatly sözler bolsa, durmuş ýörelgämizde biziň her birimize ruhy goldaw bersin! Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr.

 

 

 

Edebiýat

 

1.Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. 3-nji tom.–A.: TDNG, 2010.

 

2. Gurbanguly Berdimuhamedow. «Döwlet guşy» romany –A.: TDNG, 2013.

 

3. Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda Türkmenistanyň Kanuny. Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 1.

 

4. Magtymguly –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2014.

 

A.K. ANNAMYRADOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyň

rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty

L.J. HUDAÝBERDIÝEWA,

uly mugallym

 

Meňzeş habarlar