Türkmenistan - ÝUNESKO

Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiziň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugrudyr. Şol syýasatyň düýp esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze derejelere çykýar we anyk mazmuna eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä syýasatyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, ýurdumyzyň tutuş adamzada degişli bolan global meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bu ýörelgeler Birleşen Milletler Guramasy we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa we ykrara eýe boldy. Ýurdumyz bu guramanyň birnäçe abraýly düzümlerine Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady  we durmuş geňeşiniň, BMG-niň we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň, Birleşen  Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň,     Birleşen Milletler Guramasynyň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçilikleriňi giňeltmek meseleleri boýunça (UN-WOMEN) Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy. ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda ÝUNESKO-nyň Konwensiýasyna gol çeken gününden bäri, onuň doly hukukly agzasy hasaplanýar. Bu abraýly gurama medeniýete degişli ýadygärlikleri we tebigy landşaftlary aýawly saklamak boýunça halkara derejedäki işde ilkinji omy eýeläp, ählumumy gymmatlyklara we her bir halkyň mertebesine uly hormat goýulmagyna esaslanýan açyk gatnaşyklar üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda iş alyp barýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda geçirilýän   37-nji mejlisinde Türkmenistan ilkinji gezek 2013-2017-nji ýyllarda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi abraýly halkara guramasynyň iki ýolbaşçy edarasynyň biri bolup durýar. ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna şol guramanyň agzasy bolup durýan 58 döwlet girýär. Hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 15-nji noýabrynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň häzirki döwürde ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen, ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň düýpgöter täze, netijeli guraly döredilýär. Şol hyzmatdaşlyk toparlaryň özara peýdaly gatnaşyklaryna esaslanýan ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak barada Konwensiýasyna goşulyp, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine eýe bolan taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary geljek nesillere ýetirmek boýunça uly möçberli işi yzygiderli amala aşyrýar. Konwensiýanyň çäklerinde türkmen hünärmenleri daşary ýurtly bilermenler bilen bilelikde ýadygärlikleriň arasynda käbirini saýlap aldylar, wagtyň geçmegi bilen, bular saýlap-seçmek arkaly, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Olaryň arasynda möhüm ähmiýetli we umumadamzat gymmatly we täsin galdyrýan taryhy-arheologiki ýadygärlikleriniň üçüsi Gadymy Merw (1999ý.), Köneürgenç (2005ý.), Nusaý (2007ý.) bar. Häzirki wagtda bu ugurda işler yzygiderli dowam etdirilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrunda ýerleşen Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly uly gadymy şäherleriň arasynda ýerleşýän ýadygärlikleriň toplumy nominasiýa boýunça görkezildi. Ilkinji nobatda bular kerwensaraýlardan, köşklerden, metjitlerden, şeýle hem keramatly ýerlerden ybaratdyr. Çyn-Maçyn bilen Ýewropa döwletlerini birikdiren  Beýik Ýüpek ýoly Bütindünýä milletara mirasynyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dörän we däp bolup gelen sport görnüşlerini we oýunlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni çäreleriň interaktiw atlasyna girizmek barada hünärmenleriň netijeli maslahatlary geçirildi. Halkymyzyň sungatynyň ajaýyp nusgalary, şol sanda. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Köneürgenç, Nusaý we Merw taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň döreden, şeýle-de bu abraýly guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen zenanlarynyň zehininden kemal tapan halyçylyk sungaty halkara derejesinde ykrar edildi. Halkymyzyň maddy däl medeni gymmatlyklary, edebi we taryhy çeşmeleri giňden öwrenilip, dünýä ýaýyldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň we pähim-paýhasynyň netijesinde amal edilen bu işler halkyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda, bagtyýar raýatlarymyzyň, kalplary belent ruhly ýaşlarymyzyň ýurdumyza, ene topraga, ata-babalarymyzyň geçen şöhratly ýollaryna bolan hormatynyň artmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda Orta asyr binagärliginiň ajaýyp ýadygärliklerinde dikeldiş işleri üstünlikli alnyp barylýar. Amuldan Horezme barýan kerwen ýolunda müň ýyl töweregi mundan ozal gurlan Daýahatyn kerwensaraýynda dikeldiş işleriniň birinji tapgyry tamamlandy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin teklip edilen Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmegiň indiki tapgyrlarynyň wezipeleri kesgitlenildi. Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy hasaplanýan Türkmenistanyň dünýä medeniýetine goşant goşan gymmatlyklaryndan «Görogly» dessançylyk sungaty 2015-nji ýylda bu halkara guramasynyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO-nyň Efiopiýada geçirilen Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň mejlisinde Türkmenistan we goňşy döwletleriň halklarynyň birnäçesi tarapyndan bilelikde bellenilýän Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň bu halkara guramanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilenligi hakynda hoş habar biziň ählimizi guwandyrdy. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesi bolup durýar. 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak barada hökümetara nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek barada çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna «Görogly» şadessany we «Küştdepdi» aýdym we tans dessury Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri halkymyzyň maddy däl taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak bolup durýar. Maddy däl medeni mirasyň sanawyna Türkmenistanyň eýýäm birnäçe medeni gymmatlyklary girizilendir. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO we Türkmenistan ahalteke atlarynyň we iň gadymy it tohumlarynyň biri bolan alabaýlaryň ähmiýeti, olaryň goralyp saklanylmagynyň we giňden tanadylmagynyň dünýä medeni mirasynyň goraglylygy nukdaýnazaryndan wajyplygyny belleýärler. Şeýle-de türkmen tarapy medeniýetara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine goşant goşjak ÝUNESKO-nyň sungat şäherleri toruna goşulyşmakda hem netijeli işleri amala aşyrýar.                                                                                 

Jemile PÜRJÄÝEWA,  

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar