ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Daşoguz welaýat häkimligi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymynyň döredijilik toparynyň gatnaşmagynda 2022-nji ýylyň 8-10-njy sentýabry aralygynda “Türkmenistan-ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar” atly şygar astynda “Köneürgenç-türkmen taryhynyň ajaýyp dur dänesidir!” atly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler Köneürgenç şäheriniň dünýä ähmiýetli medeni merkez we owadan şäher bolandygy barada dürli döwrüň taryhy ýazuw çeşmeleri we dürli maglumatlary barada belläp geçdiler. Baý geçmiş taryhy bolan Köneürgenjiň gaýtalanmajak binagärlik keşbi bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Çünki, köp taryhy we durmuş kynçylyklaryny başdan geçiren gadymy şäheriň taryhy-medeni ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň “Dünýä mirasynyň” sanawyna girizildi. Bu bolsa, onuň gymmatynyň has-da ýokarydygyny subut edýär.
Şeýle hem, çykyş edenler ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni ýadygärliklerini giňişleýin öwrenmegiň, olary abat saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň, täze tapylan tapyndylaryň we çeşmeleriň dünýä ýaýradylmagynyň wajyp ähmiýeti barada belläp geçmek bilen, Ürgenjiň gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de, öz ösen medeniýeti, ylmy, sungaty bilen hem has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelendigi, taryhy çeşmelere görä, paýtagtyň bu ýerden göçürilendigi, başga ýerden täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýlandygy, ilki Ürgenç bolansoň, muňa “öňki, gadymy” manysynda “Köneürgenç” diýip at berlendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şunlukda hem, bu ýerde her bir ýadygärligiň, her bir depäniň uly taryhynyň, gyzykly rowaýatlarynyň bolup, onuň hem ýaşlar tarapyndan öwrenilmelidigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda: “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy – biziň geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir” diýip belleýär. Biz öz geçmiş taryhymyz bilen bu günki gün dünýä çykýan bolsak, onda biziň nesillerimiz hem biziň häzirki günümiz bilen dünýä çykmaly. Şonuň üçin, Hormatly Prezidentimiz biz, ýaşlar üçin, ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýär. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hem bäsleşiklerde, ýaryşlarda, döredijilik işi bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek bilen bagly okuw ýylynyň tölegleriniň döwlet tarapyndan amal edilmegi baradaky teklibiň orta atylmagy, biz, ýaşlara her bir işe has-da döredijilikli çemeleşmegimize, öz ukyp başarnyklarymyzy açmaga itergi berýär. “Diýardan ýaýran ýollar” atly şygar bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirýän ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty hem ýaşlar üçin dürli görnüşli döredijilik bäsleşiklerini, duşuşyklaryny geçirýär. Bu bolsa, talyp ýaşlaryň gadymy miras gymmatlyklaryny öwrenmeklerine, maglumat toplamaklaryna, öwrenen zatlary barada makala ýazmaklaryna, dürli maslahatlarda çykyş edip, ukyp-başarnyklaryny açmaklaryna mümkinçilik döredýär.
Selim ÝAZBERDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
3-nji ýyl talyby