TÜRKMENISTAN-ÝUNESKO – MILLI WE MEDENI GYMMATLYKLARYMYZYŇ AÝDYŇ DABARALANMASYDYR.

Toý-baýrama, ynsan bagtyýarlygynyň ajaýyplygyna, bir suprada jem bolup  asuda, parahat ýaşaýşa göwni telwasly halkymyz, ine bugün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda günsaýyn okgunly öňe barýar. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ýaňy ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň toýlanan günlerinde, täze döwrümizde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösüşiniň depginlerini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak maksady bilen, eziz Diýarymyzda Döwlet Maslahaty üstünlikli we guramaçylykly geçirildi. Bu maslahatda Bitarap Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny berkitmek hem-de halkara abraýyny ýokarlandyrmakda toplumlaýyn wezipeler kesgitlenilip, möhüm Kararlar kabul edildi. Elbetde bu bolsa döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kämilleşdirmäge aýratyn itergisini berýär. Ýeri gelende aýtsak, belent, döwletli maksatlary özünde jemlän Döwlet Maslahatynda Arkadagly Serdarymyz özüniň eden taryhy çykyşynda: “Bilim we ylym babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmek ylym, bilim, medeni diplomatiýamyzyň möhüm gurallarydyr. Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna birikdirmek, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny, türkmen keçe sungatyny, türkmen demirçilik senedini, türkmen tazysyny we elguş sungatyny, türkmen milli göreşini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek zerurdyr. ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdeplerimiziň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek biziň öňümizde durýan möhüm wezipelerdir” diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Çünki  Arkadagly Serdarymyzyň bu ajaýyp belent maksatlary hakykatdan hem geljekde ýurdumyzda ylym, bilim we medeni diplomatiýamyzyň ösdürilmegi bilen birlikde, döwletimiziň milli we medeni gymmatlyklaryny has-da dünýä ýaýmaga giň ýollar açýar.  Elbetde şu aýdylanlaryň esasynda häzirki wagtda biziň şeýle ajaýyp gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň alyp barýan halkara ähmiýetli işleri aýratyn bellärliklidir. Sebäbi Sekretariat  ÝUNESKO bilen bilelikdäki hereketleriň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Meýilnamasy esasynda birnäçe işleri alyp barýarlar. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň özüniň öňünde wezipe hökmünde kesgitlän gymmatlyklarymyzy dünýä tanatmakda häzirki günlerde ýurdumyz tarapyndan  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler yzygider dowam etdirilýär. 

Hemmämiz bilýäs, häzirki wagta çenli döwletimiziň milli gymmatlyklary bolan, birnäçe ýadygärliklerimiziň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary, “Görogly” şadessany, “Küştdepdi” aýdym-tans sungaty, türkmen halyçylyk sungaty,  dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da döwletimiz birnäçe halkara Konwensiýalara goşuldy. Has takygy, ýurdumyz 2021-nji ýylyň martynda “Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakynda” hem-de “Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda” Konwensiýalary tassyklady. Ýene aýratyn bellemeli zatlaryň biri şu ýylyň iýunynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäklerinde “Şygryýet äleminiň öçmejek nury” atly maslahatyň geçirilmegi hem-de bu etrabyň dag gaýalarynda saklanyp galan ýazuw ýadygärliklerini “Dünýä hatyrasy” atly halkara sanawa girizmek maksady bilen, degişli işler içgin öwrenilmegi geljekde täze taryhy gymmatlyklarymyzyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna ajaýyp täsirini ýetirýär.

Mundan başga-da ýurdumyzda Ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we Türkmen Alabaýlary ýetişdirmek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler hem türkmen halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetiniň has hem ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Umumadamzat gymmatlygy hökmünde kabul edilen “Görogly” eposynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy türkmeniň uçar ganaty bolan türkmen bedewiniňem mertebe şöhratynyň dünýä ýaýylmasydyr.  Munuň özi “Görogly” şadessanyndaky bedewe bolan höwes, seýisçilik sungatynyň aýratynlyklary hakyndaky ähli terbiýeçilik häsiýetleri şu günki berkarar döwletimiziň ýaş nesilleri üçin aýratyn gymmatlykdyr.

Şu günki gün milli we medeni gymmatlyklarymyzyň gadyr-gymmaty has-da  ýokary göterilýär. Olary okamak, öwrenmek, durmuşa çelgi edinmek her bir ýaş nesiller üçin parzdyr. Ýaş nesilleriň  pikirlenmek ukybyny ösdürmäge, başarnygyny ösdürmäge,  gymmatly we baý milli mirasymyzy söýmek, buýsanmak duýgusyny emele getirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza talyp ýüregimizdäki çäksiz alkyşlarymyz tükeniksizdir.

 

Ýolaman MÄMMEDOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň

hukuk öwreniş hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

 

Meňzeş habarlar