Türkmenistan – ÝUNESKO: Parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaş suratkeşleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistan – ÝUNESKO: Parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» atly sergi geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary, bagtyýar talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Sergä gatnaşanlar, ussat suratkeşleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleri wasp edýän döredijilik eserlerini gyzyklanma bilen synladylar. Dabaranyň dowamynda bagşy-sazandalaryň aýdym-sazlaryna giň orun berildi. Sergä gatnaşyjylar milli medeniýetimizi dünýä ýaýmaga, täze sungat eserlerini döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

 

Altyn BERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar