HUN TÜRKMEN DÖWLETINDE AT BILEN BAGLY DIPLOMATIK DESSURLAR

Gadymyýetden bäri at her bir türkmeniň göwün galkynmasy,ýow gününde ýoldaşy, şat gününde buýsanjy bolup, köňül käbesinde ýaşapdyr. Taryhy maglumatlara ser salanymyzda, atlary ilkinji eldekileşdirilen halk türkmenlerdigini görmek bolýar.

Türkmenler aty diňe bir harby ýörişlerde peýdalanman, eýsem beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklarynda hem ulanypdyrlar. Taryhda uly yz galdyran Beýik Hun türkmen döwleti hem özüniň ösen diplomatik gatnaşyklarynda aty giňden peýdalanypdyr. Şeýle-de Hun türkmenleriniň at bilen bagly birnäçe diplomatik däpleri hem bolandygyny taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär.

Beýik Hun türkmen döwletiniň taryhdan belli bolşy ýaly, ýerleşişi boýunça at saklamaga we oňa ideg etmäge hem amatly bolupdyr. Şonuň üçin Hun döwleti at tohumlarynyň iň köp bolan ýeri bolup, iň ökde atşynaslar hem Hun türkmenleri bolupdyr. Bu barada taryhy çeşmelerde Hun türkmenler eýýäm 3 ýaşyndan at münmegi öwredilip, 8 ýaşyna ýetenlerinde ýeke özleri at münmäge we atyň üstünde harby tilsimleri ýerine ýetirmäge ukyply bolupdyr. Şeýle-de Hun türkmenleri gije at üstünde ýörişleri amala aşyryp, at üstünde-de uklap bilipdirler. Bu bolsa olaryň at münmekde örän ezberdiklerini subut edýär.

Beýik Hun türkmen döwletiniň at bilen bagly diplomatik dessurlary hem taryhy taýdan öwrenilmäge mynasypdyr. Hunlar ilçi ugratmakda, ilçini kabul ediş we garşy alyş dabaralarynda, şeýle hem gepleşikleri geçirmekde at bilen bagly protokol düzgünlerini berjaý edipdirler. Hun türkmenleri beýleki ýurtlardan gelýän ilçileri we myhmanlary owadan, saýlama atlar bilen garşy alyp, olar bilen gepleşikleri hem at üstünde geçiripdirler. Edil häzirki wagtda bolşy ýaly, şol wagtlarda-da türkmenler üçin at mukaddes hasap edilipdir. Bu bolsa Hun türkmenleriniň gelen ilçilere we myhmanlara görkezýän sylag-hormaty hökmünde düşünmek bolar. Şeýle-de başga bir tarapdan, Hun türkmenleri beýleki ýurtlardan gelen ilçilere döwletiň nähili güýçlidigini we baýdygyny görkezmek maksady bilen şeýle dabaralar amala aşyrylypdyr.

Taryhy maglumatlara seredenimizde, Hun türkmenleriniň ynanyşmak we parahatçylyk ýaly birnäçe şertnamalar baglaşandygyna duş gelmek bolýar. Hun türkmenleri şertnamalaryň baglaşylyş şertlerine we düzgünlerine berk gözegçilikde saklapdyrlar. Şeýle-de olar şertnamalar baglaşylansoň, iki döwletiň parahatçylygynyň nyşany hökmünde ak aty gurban beripdirler. Bu dessur diňe Beýik Hun türkmen döwletinde däl, Gök türkmenlilerde, Seljukly türkmen döwetinde hem ýerine ýetirilipdir.

Türkmenleriň taryhdan gözbaş alyp gaýdýan behişdi bedewlerimizi mukaddeslemek däbi häzirki wagtda biz ýaş nesillere miras galan milli buýsanjymyzdyr.

 

Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnaliktikasy fakultetiniň talyby.

Meňzeş habarlar