Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Her bir sapagyň täsirli guralmagynda multimedia tagtasynyň täsiri örän uludyr. Ähli dersler boýunça taýýarlanylýan slaýdlar sapagyň täsirli, ýatda galyjy bolmagyna oňaýly täsir edýär.
Watan daýanjy bolan ýaş nesli watansöýüji, ynsanperwer, zähmetsöýer, ylma-bilime we hünäre höwesli şahsyýetler edip terbiýelemekde türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi mugallymlara ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Biz okuw-terbiýeçilik işlerimizde, medeni-köpçülik çärelerde, sapaklarymyzda Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Akyldar şahyryň: “Kitap okan gullar manydan dokdur»—diýşi ýaly, mekdep okuwçylaryna kitaphana bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagy hemişe öwüt-ündew edýäris. Nesip bolsa, eziz Watanymyzda beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda uly dabara bilen belleniler. Ösüşlere beslenen döwrümizde okuw-terbiýeçilik işlerimizde Magtymguly Pyragynyň dana setirlerini ylym-bilim bermegiň mukaddes däpleri hökmünde giňden peýdalanarys.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary aň-düşünjeli, maksada okgunly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda edilýän işler barha rowaçlanýar. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde täze, dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglarynyňdyr mekdepleriň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi we olaryň häzirki zaman okuw enjamlarydyr esbaplary bilen üpjün edilmegi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip belleýär.
Şonuň üçin dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýaşlary kemala getirmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gelýän bilim-terbiýe ojaklary ýaş nesilleriň hyzmatyna berilýär. Şoňa görä-de, bagtyýar çagalara döwrebap bilim berlişiniň ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýe bilen utgaşdyrylmagy ilhalar, sowatly, giň dünýägaraýyşly ýaşlaryň kemala gelmeginiň esasy şertleriniň biridir.
“Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bilim ulgamynda has-da belent sepgitlere ýetjekdigimize berk ynanýarys. Şeýle üstünliklere eýe bolmak üçin halal, jogapkärli zähmet çekip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek üçin ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrmarys.
Akgül MUHAMMETGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji orta
Mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik
işleri boýunça orunbasary.
“Mugallymlar” gazeti,
22.08.2022ý.