Ýaş nesillere döwrüň talabyna laýyklykda bilim-terbiýe bermek, olaryň Watana wepaly, ilhalar, giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ökdelik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň bu tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirmek, elbetde, ilkinji nobatda, biziň — bilim işgärleriniň esasy borjudyr.
Häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler, şol sanda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň berk binýady bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda bu ulgamda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, ylmyň iň soňky gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglarynyň, mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi, ol ýerlerde bilim-terbiýe bermegiň, okatmagyň iň ösen usullaryndan ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde giň düşünjeli we döwrüň ösen tehnologiýalaryndan kämil baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelýändigi bizi diýseň buýsandyrýar, guwandyrýar. Bu döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan anyk wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, bilim işgärleriniň bolsa döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!
Irina Zawodskaýa,
Balkanabat şäherindäki 16-njy
orta mekdebiň mugallymy,
“Balkan” gazeti,
18.08.2022ý.