Diýarymyzda innowasiýany ösdürmek milli ykdysadyýetimizi has ýokary ösüş derejesine getirmek bilen baglydyr. Innowasion ykdysadyýetiň maksady meseleleri, ugurlary täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmäge hem-de ylmy, bilimi jemgyýetiň ähli hyzmat ediş çäklerinde ulanmaga gönükdirilendir. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ösmek, ylmy barlaglary geçirmek we olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ylmy-tehniki ösüşiň esasyny kesgitleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ylmy-barlag işlerini döwrebap alyp barmak üçin ylmy institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olarda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, işgärleri taýýarlamaga hem-de ýaşlary ylmy döredijilige işjeň çekmäge giň mümkinçilikler bar.
Himiýa senagaty üçin gerek bolan çig mallaryň gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlary eýelemek bilen, Türkmenistan tebigy serişdeleri dolulygyna we toplumlaýyn özleşdirmegi maksat edinýär. Milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri hasaplanylýan himiýa senagatyny häzirki döwrüň talaplaryna we şertlerine görä özgertmek möhüm wezipeleriň hatarynda dur.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň amaly-ylmy barlaglary alyp barýan edaralaryna Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, marketing usullary boýunça ylmy-barlaglary amala aşyrmaga we hojalyk hasaplaşygyndan alynýan girdejileriň hasabyna öz çykdajylaryny maliýeleşdirmäge ygtyýar berildi. Bu Karar ylmy depginli ösdürmäge, hil taýdan ýokarlandyrmaga, Maksatnamalary we özgertmeleri ylmy taýdan düýpli esaslandyrmaga, höweslendirmäge uly şert döredýär. Bu bolsa amaly-ylmy işleri alyp barmak, onuň netijelerini we ylmy-tehniki täzelikleri ykdysadyýetimize ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag, seljeriş işlerini geçirmek hem-de halkara hyzmatdaşlyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikdir.
«Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda üç ugur boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Olar, esasan, gidromineral hem-de uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy usullaryny işläp düzmek, önümçilige ornaşdyrmak, senagat pudaklaryna ylmy-tejribe kömegini bermek, suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny, ekologiýasyny öwrenmek we baha bermek meselelerini öz içine alýar.
Himiýa institutynda hereket edýän barlaghanalar, bölümler hem-de aspirantura hojalyk hasaplaşygynda işleýär. Ylym-bilim pudagynda geçirilýän özgerişlikleri wagyz etmek, şol sanda Himiýa institutynda ýerine ýetirilen ylmy-barlag, seljerme işleriniň netijelerini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen, bu ýerde monografiýalary, ylmy we okuw kitaplarydyr ylmy makalalary çap etmek işleri alnyp barylýar.
Soňky ýyllarda institutda altmyş ýedi tema boýunça ylmy işler alnyp baryldy we olar boýunça dokuz kitap neşir edildi. Ýerine ýetirilen işler boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan otuz ýedi patent alyndy, kyrk sany ylmy iş önümçilige ornaşdyryldy. Hut şu ýylyň özünde institutyň alymlary tarapyndan Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan iki sany oýlap tapyşlaryň çäklendirilen patentleri alyndy we olary önümçilige ornaşdyrmak üçin degişli çäreler durmuşa geçirildi. Gyzylgaýanyň demirli magdanyny sement önümçiliginde ulanmak mümkinçiligini öwrenmek boýunça synag-tejribe işleri alnyp baryldy. Şeýlelikde, «Sement zawodyndaky çig mallara laýyklykda, Gyzylgaýanyň demirli magdanyny sement önümçiliginde ulanmak mümkinçiliklerini öwrenmek» diýen tema boýunça ýerine ýetirilen iş önümçilige ornaşdyryldy we Delilnama alyndy. Geçirilen senagat synag tejribesiniň netijelerine laýyklykda, tetragidratnitrat kalsiý himiki serişdesiniň önümçiligini ýola goýmak teklip edildi. Häzirki wagtda ýyladyşhanalarda dökün hökmünde ulanylýan bu serişdäniň daşary ýurtlardan getirilýändigini göz öňünde tutsak, bu önümçiligiň ýurdumyz üçin zerurdygy has-da äşgär bolýar.
Deňiz suwuny süýjütmek boýunça hem senagat synag işleri geçirildi. Bu önümçiligiň ýola goýulmagy bilen Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän hem-de deňiz suwuny ulanýan kärhanalara täze mümkinçilikler açylar. Bu önümçiligi senagat derejesinde ýola goýmak barada «Türkmenhimiýa» Döwlet konsernine teklip taýýarlanyldy.
Täze innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýerli çig mallary ulanyp, içerki we daşarky bazarda uly isleg bildirilýän, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek arkaly senagat pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrligi, «Türkmenhimiýa» Döwlet konserni, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen ylmy geňeşleriň işi ýola goýuldy. Bu ylmy geňeşler aýda azyndan bir gezek geçirilip, olarda hünärmenler degişli meseleler boýunça özara pikir alyşýarlar.
Ýaşlary ylma çekmek boýunça uly işler alnyp barylýar, institutyň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binýatlyk kafedralary hereket edýär. Okuw-seminarlardyr amaly-tejribe sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmakda bu kafedralaryň ähmiýeti örän uludyr. Talyplar Himiýa institutynyň işleri bilen tanyşýarlar, alymlardan we hünärmenlerden sapak öwrenip, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede özleşdirýärler. Bu tejribeler olaryň geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam berer.
Institutymyzda sanly ylmy ýola goýmagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy-barlag işleri üçin degişli programma üpjünçiligini, ylym ulgamynda maglumatlary we resminamalary alyşmagyň içki elektron toruny hem-de ylmy maglumatlaryň elektron binýadyny döretmek, täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça hem tapgyrlaýyn işler amala aşyrylýar.
Himiýa institutynyň işgärleriniň şu ýylyň maýynda Moskwa şäheri bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Hazar dialogy — 2022» atly Halkara assambleýasynyň işine gatnaşandygyny we ylmy nutuklar bilen çykyş edendigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag edaralary bilen ylmy-amaly maslahatlar hem yzygiderli geçirilip durulýar. Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň ähmiýeti iňňän uly. Şeýle bäsleşik türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň bu ugurda aýratyn tapawutlanmagyna, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar.
Ylym babatda Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmak üçin uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt we dünýä ähmiýetli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.
Hallymyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Himiýa institutynyň direktory, himiýa
ylymlarynyň kandidaty.
“Türkmenistan” gazeti,
19.08.2022ý.