Eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmeklige ähli zerur şertleriň döredilendigi guwandyryjy hakykatdyr. Häzirki wagtda alym Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralarynyň binalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar döwrebap tehnikalar, kompýuterler, barlaghana enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Türkmenistan döwletimizde gurlup, ulanylmaga berilýän döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň binalary hem diňe bir bilim bermek işlerini amala aşyrmaga däl, eýsem, ylmy-amaly barlaglary geçirmeklige hem giň mümkinçilikleri berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty möhüm ähmiýete eýedir. Binagärlik gurluşy, ylym-bilimi utgaşykly alyp barmaga mümkinçilik berýän barlaghana enjamlary, dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen maglumat- kommunikasiýa abzallary, innowasiýa tehnologiýalary professor mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň bilim babatdaky işlerini ylmy-amaly işler bilen utgaşykly guramagyna ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda innowasiýalara möhüm ähmiýet berilýär. «Innowasiýa işi hakynda » Türkmenistanyň Kanunynyň Kabul edilmegi bu işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk binýadyny berkitmäge, innowasiýa işi çygrynda gatnaşyklary düzgünleşdirmäge uly itergi berdi. Innowasiýa — bu «täzelik », «täze girizilen» diýen manylary aňlatmak bilen, jemgyýetçilik durmuşymyza, ylym-bilime, önümçilige degişli işleri netijeli alyp barmaklyga we hilini ýokarlandyrmaklyga, bazar gatnaşyklarynyň ösen talaplaryny kanagatlandyrýan önümleri öndürmeklige mümkinçilik berýän täzelikleriň ornaşdyrylmagyny aňladýar. Şunuň bilen birlikde ornaşdyrylýan innowasiýalar döwrebap durmuş-ykdysady we medeni zerurlyklary, islegleri, talaplary kanagatlandyrmalydyr.
Alym Arkadagymyz Türkmenistan döwletimizde bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek we ony dünýä ülňülerine laýyk ýola goýmak maksady bilen 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak babatda möhüm tabşyryklary berdi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Times Higher Education (THE)» žurnaly tarapyndan dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna habarçy agza hökmünde goşulandygyny mälim edýän sanawy çap etdi. 2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «AD Scientific Index» reýtingine goşulandygy baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Ýokary okuw mekdebimiziň dünýäniň ösen ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizilmegi alym Arkadagymyzyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça gije- gündiz edýän aladalarynyň netijesi, bu ulgamda zähmet çekýän professor mugallymlaryň öňünde goýan möhüm wezipeleri üstünlikli amala aşyrýandyklarynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny yzygiderli özgertmek boýunça öňde goýýan maksatnamalaýyn wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde dolandyryş we okuw işlerini dünýäniň ösen ülňülerine laýyk guramak boýunça düýpli işler geçirilýär. Ýokary okuw mekdebiň professor mugallymlary, hünärmenleri, şeýle hem talyplary tarapyndan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly bilim ulgamynyň tor üpjünçiligi ýola goýuldy we sanly bilim portaly döredildi. Bu bolsa öz gezeginde elektron resminama dolanyşygyny, elektron poçtany, uzak aralykdan bilim bermegi, ylmy işleriň guralmagyny, elektron kitaphanalaryň elýeterli bolmagyny üpjün etdi. Institutda hereket edýän sanly tehnologiýalar, 5G aragatnaşyk bekedi we ýokary tizlikli Internet ulgamy mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň okuw işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk guramaklaryna itergi berýär.
Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli bu işleri amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalaryň döredijilikli hem-de netijeli peýdalanylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimiz: «Ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ony ösen döwletleriň hataryna goşmak üçin, ilki bilen, bilimli, ruhy baý, maksada okgunly, sagdyn pikirlenmäge ukyply, Watana wepaly kämil nesil kemala getirmeli» diýip ündeýär. Şonuň netijesinde institutymyzda talyplaryň hünär ugurlary boýunça dersler innowasion tehnologiýalar arkaly okadylýar, döwrebap elektron usuly okuw kitaplary, gollanmalary, şol sanda wideo we audio materiallary elýeterli üpjün edilýär. Interaktiw-multimediýa maksatnamalary, maglumat kitapçalary talyplaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga we bilimiň berlişiniň döwrüň ösen talaplaryna laýyk guralmagyna mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen sanly aragatnaşyk arkaly umumy okuwlar guralýar. Şeýle hem dürli dersler boýunça bäsleşikler geçirilýär. Institutyň professor mugallymlary sanly aragatnaşyk arkaly döwlet halkara derejesinde geçirilýän ylmy maslahatlara gatnaşyp, ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça nutuklar bilen çykyş edýärler. Şeýle hem ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda neşir edilýän ylmy neşirlerde makalalaryny çap etdirýärler. Talyp ýaşlar döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Institutyň binýadynda elektron kitaphana gorunyň döredilmegi professor mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň zerur bolan okuw kitaplaryndan, gollanmalardan hem-de daşary ýurtlarda neşir edilýän ylmy edebiýatlardan netijeli peýdalanmaklaryna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi netijesinde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda döredilen «Sanly Çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýurdumyzyň edara-kärhanalaryndan programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak, tor ulgamlaryny gurnamak we sazlamak, içki torlaryň maglumat howpsuzlygyny bahalandyrmak bilen bagly alynýan sargytlar institutyň ýaş mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär. Bu ugurda geçirilen işlerden alnan netijeler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Hasyl» dynç alyş-sagaldyş merkezinde, «Serdar», «Gämi», «Nebitçi» we «Arzuw» myhmanhanalarynda, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginde we «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynda işe girizildi. Institutda işlenip taýýarlanan «Ýardam» atly elektron resminama dolanyşygy ulgamy, «Elektron kitaphana», «Okuwçylar üçin test programmasy», «Matematiki amallar», «Matematiki näbelli ululyklar» atly EHM programma üpjünçilikleri paýtagtymyzyň umumy bilim berýän orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde önümçilige ornaşdyryldy.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň sanly ulgamlar we maglumat howpsuzlygy boýunça bilimini artdyrmak maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň hünärmenleri üçin «Tor tehnologiýalary»,«Kompýuter sowatlylygy» hem-de «Sanly ykdysadyýet» ugurlary boýunça tapgyrlaýyn okuwlar geçirildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçilikleri netijesinde, ähli ugurlar bilen birlikde, bilim ulgamy hem döwrebap ösdürilýär. Ýaşlaryň hünär öwrenmegi, ylmy dünýägaraýşyny kämilleşdirmegi, şeýle hem wagtyny netijeli geçirmegi üçin döredilýän mümkinçilikler ruhy taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Biz hem sebitde we bütin dünýäde abadan hem-de bagtyýar durmuşyň rowaçlanmagy üçin halk bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.
Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň rektory,
Tehniki ylymlarynyň kandidaty.
«Diýar» žurnaly, №1, 2022ý.