Häzirki günlerde giriş synaglary geçirilýän bilim ojaklarynyň gapysynda tolgunyp duran ýaşlary göreniňde buýsanman synlamak mümkin däl. Orta mekdepde alan bilimini ýokary okuw mekdeplerinde hünär bilimi bilen dowam etdirmäge höwesek ýaşlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumata görä, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine 15 müň 326 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 490 talyp kabul ediler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary, Türkmen döwlet maliýe institutynda Maliýe bazarlary we banklar ugry, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara hukugy, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde ortopedik stomatologiýasy, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde estrada sungaty, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde daşky gurşawy goramak we tebigy miras ýaly täze girizilen hünärlere dalaşgärleriň köplügi şol ugurlar boýunça «ökdeden-ökdäni» saýlamaga mümkinçilik berýär.
Biz hem ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdeplerinde gyzgalaňly dowam edýän giriş synaglaryna ykjam taýýarlykly gelen dalaşgärlere üstünligiň ýar bolmagyny arzuw edýäris!
«Türkmenistan Sport»
halkara žurnalynyň elektron
goşundysy «7/24.tm»
№33(116) 15.08.2022ý.