ÝYLDYZ DOGSA, ZEMIN GÖRER

Baýram Jumaýew bilen tanyşlygym Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bolup geçen bäsleşikde ýaş alymyň ýeňşini gutlamak dabarasyndan başlandy. Şonda onuň ylmy gözlegleri, işine yhlasy we hünär ussatlygy barada ençeme ýakymly sözleri eşitdim. Dabarada institutyň taryhynda gazanylan ilkinji şeýle ýeňşiň ýaş mugallymlaryň, zehinli talyplaryň ylma höweslerini we ynamlaryny ýokarlandyrjakdygyna ynam beýan edildi.

Baýram Jumaýewiň alyp barýan işleri, ylmy gözlegleri bilen tanşanyňda, onuň ýeňşiniň hakyky yhlasyň miwesidigine göz ýetirýärsiň. Orta mekdebi tamamlap, iki ýyllap ýokary okuw mekdebine girmek synanyşygy başa barmadyk Baýramy şowsuzlyklar eýmendirmedi. Nesibesi çekip, Türkiýe Respublikasynyň Orta Gündogar tehniki uniwersitetine okuwa giren Baýram öz hünäriniň daşyndan rus, iňlis, türk, fransuz dillerini ürç edip öwrenýär. 2015-nji ýylda Döwlet energetika institutyna işe gelen gününden ylma aralaşmagy, ähli ukyp-başarnygyny ylma gönükdirmegi ol özüne maksat edindi. 2015 — 2018-nji ýyllarda aspiranturada gaýybana okan Baýram Jumaýew mugallymçylyk işiniň daşyndan halkara ylmy taslamalara-da işjeň gatnaşdy. Öwrenen dilleri hem indi oňa ýakyn hemaýatçy boldy. Ol şol dillerde ylmy makalalary taýýarlap, halkara ylmy maslahatlarda çykyş edýär. Hindistan, Awstriýa, Bolgariýa, Gazagystan, Russiýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Türkiýe ýaly ýurtlarda eden täsirli ylmy çykyşlaryny diň­länler Türkmenistanda zehinli ýaş alymlaryň ösüp gelýändigini duýdular.

2015-nji ýyldan bäri Baýram Jumaýewiň halkara ylmy-barlag, ylmy-usuly žurnallarda, ylmy maslahatlaryň nutuklarynyň ýygyndylarynda, ýurdumyzyň dürli neşirlerinde 40-dan gowrak ylmy makalalary çap bolupdyr.

Şeýle döredijilikli gözlegleriň netijesinde geçen halypa-şägirtlik mekdebi oňa öz alymlyk işini ýazmaga ýardam berýär. Ol häzirki wagtda alymlyk işini goramaga taýýarlyk görýär.

Baýram Jumaýewiň ýolbaşçylyk edýän ýaş alymlar geňeşiniň otagynda bu institutyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň ylmy gözleglerine, açyşlaryna şaýatlyk edýän taslama işleriniň giň toplumy goýlupdyr. Otagyň sanly ulgam arkaly dolandyrylýan yşyklandyryş, sowadyş-ýyladyş ulgamlary, özgerýän-täzelenýän diwarlyklar, dürli robotlaryň hereketleri bu ýere gelýänlere hakyky ylmy gurşawyň alamatlary bolup duýulýar. Baýram Jumaýewiň öz kärdeşleri bilen taýýarlan «Ýaş alymlar geňeşiniň işini gurnamagyň internet sahypasy» atly işlerine intellektual eýeçilik boýunça Döwlet gullugynyň ýörite şahadatnamasy berlipdir.

«Üstünlik yhlasa bagly» diýen ganatly pikire uýýan «Ýylyň mugallymy — 2022» bäsleşiginiň Baş baýragynyň eýesi ýaş alymyň bilim ulgamynda we ylym dünýäsinde alyp barýan yhlasly zähmeti, oňa geljekde hem uly şowlulyklaryň ýar boljakdygyna ynam döredýär.

 

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.

habarçy.

“Türkmenistan” gazeti,

13.08.2022ý.

Meňzeş habarlar