Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy täze, 2022-2023-nji okuw ýylyna türkmen we rus dillerinde umumy orta bilim berýän mekdeplerdir ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmalarynyň hem-de okuw kitaplarynyň birnäçesini çykardy. Olary öz ugrundan tejribeli hünärmenler taýýarlapdyrlar we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanypdyr ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» ýazýar.

Şu ýylky täze kitaplaryň arasynda umumy bilim berýän orta okuw mekdepler üçin «Algebra we analiziň başlangyçlary boýunça gutardyş synaglary üçin meseleler», ýokary okuw mekdepleri üçin «Bank işi» we başga-da ençeme neşirler bar.

Birinji synplar üçin «Harplyk», ýazuw depderi, «Ene dili» okuw kitaby, ikinji synp okuwçylary üçin iňlis dili boýunça iş depderi, dördünji synp okuwçylary üçin «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» kitaby neşirleriň üstüni doldurdy. Bulardan başga-da 8-nji synp okuwçylary üçin «Himiýa», 9-njy synp okuwçylary üçin «Fizika», «Himiýa», Biologiýa» we «Ykdysady we durmuş geografiýasy», 10-njy synp okuwçylaryna niýetlenen «Häzirkizaman tehnologiýalarynyň esaslary», «Geometriýa» hem-de «Informatika» okuw kitaplary bar.

Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek Konsepsiýasyna laýyklykda täze mazmunly we okatmagyň täze usulyýeti bilen dil öwretmek boýunça neşirleri taýýarlamaga hem-de neşir etmäge uly üns berilýär. Täze okuw ýylyna türkmen dilinde okadylýan mekdepler üçin 8-nji synp okuwçylaryna niýetlenen arap we pars dilleri, 9-njy synp okuwçylary üçin nemes dili we 10-njy synp üçin fransuz dili okuw kitaplary neşir edildi. «Türkmen dili» kitaby rus dilinde okaýan 9-njy synp okuwçylaryna niýetlenendir.

Çaphana neşirlerinden başga-da, elektron okuw gollanmalarydyr kitaplary-da taýýarlanyldy. Bu hem «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde ýene bir ädim boldy. Milli bilim institutynda habar berlişine görä, olar welaýatlaryň ählisine iberildi, kitaplar okuwçylaradyr mugallymlara elýeterdir, olary multimedia synp tagtasynda işlände ulanyp bilerler.

 

Meňzeş habarlar