ÖSÜŞIŇ NETIJELI UGRY

         Häzirki wagtda durmuş çalt depginler bilen ösýär, özgerýär we öňde täze wezipeleri goýýar. Şunuň bilen baglanyşykly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda täze tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol sanda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga we peýdalanmaga, olaryň esasynda dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna geljekde hem ünsi jemläris» diýip belleýär. Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýeti ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurdan maksatlaýyn işler durmuşa ornaşdyrylyp, döwrebap şertler üpjün edilýär. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri gowulanýar, iň döwrebap usullar ýola goýulýar. Bu bolsa ösüşiň tizligini, işleriň kämilligini has-da ýokarlandyrýar. Sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän şertlerinde sarp edijileriň isleglerini ýokary derejede kanagatlandyrmak zerurdyr. Sanly ykdysadyýet önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere tiz wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, internetde döredilýän ýörite saýtlar sanly hyzmatlary almak üçin gerek bolan resminamalary elektron görnüşde doldurmak, sanly hyzmatlary almak üçin resminamalary elektron görnüşde bermek, sanly hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň barşy hakynda maglumaty elektron görnüşde almak, sanly hyzmatlaryň berilmegi üçin tölegi elektron görnüşde girizmek, sanly hyzmatlary köpugurly «Bir penjire» ulgamyndan almak mümkinçiliklerini üpjün edýär. Köpugurly «Bir penjire» ulgamy bolsa sanly hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenmegidir. Sanly görnüşdäki hyzmatlardan peýdalanmak diňe bir tizlik däl-de, döwrebap ösüşleri hem özünde jemleýär. Döwrüň tiz ösýän şertlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özleşdirmekde we durmuşa geçirmekde döwür bilen deň gadam basmak we tizligi gazanmak mümkindir. Dünýä tejribesinde sanly ulgama döwlet bilen raýatlaryň, döwlet bilen işewürleriň, döwlet bilen häkimiýetiň aýry-aýry edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň guramaçylyk we öňdebaryjy tehniki serişdeleriň toplumy hökmünde garalýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen ýurduň raýatlary ähli pudaklar bilen aragatnaşyk saklap bilýärler, şeýle hem maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly hökümetiň jemgyýet bilen aragatnaşygy aňsatlaşýar. Ykdysadyýetde häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmegine, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze derejä geçmegine ýardam eder. Munuň özi edilýän hyzmatlary tizleşdirmek, wagty we maddy serişdeleri tygşytlamak ýaly ýeňillikleri döreder hem-de ýurdumyzy ykdysadyýetde sanly ulgamy ulanmakda öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykarar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda giň şertler döredilýär. Şeýle hem ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri döredilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da ýokary derejelere ýetirýär. Ýurdumyzy ösüşlere besleýän, döwrebap mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

 

Orazgül ORAZOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

“Mugallymlar” gazeti,

 07.09.2022ý.

Meňzeş habarlar