Häzirki zamanyň didaktikasy okuwçylaryň köptaraplaýyn ösüşini göz öňünde tutýar. Innowasion tehnologiýalar okuwçylaryň ene dili boýunça ýazuw endiklerini işjeňleşdirmäge, lingwistik ukybyny ösdürmäge oňyn täsir edýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda dersleriň, şol sanda türkmen dili dersiniň ýazuw kadalaryny innowasion tehnologiýalar arkaly okatmak wezipesini çözmäge ugur alyndy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde, ýaş nesli milli we dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen üpjün etmegi, onuň üsti bilen ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ösdürmegi dowam etdirýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepler tehniki enjamlar arkaly bilim bermek işini gün-günden ýokarlandyrýar. Mekdeplerdäki hereket edýän pedagogik düzümiň işgärleri, öz alyp barýan ugurlary bilen baglylykda, dersleri okatmagyň tehnologiýalary boýunça täze ylmy-barlag işleri ýola goýýarlar. Ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda dürli dersleri, şol sanda türkmen dili sapagyny kompýuter tehnologiýalary arkaly okatmak ýörgünli häsiýete eýe bolýar. Okuwçylaryň tehniki enjamlar arkaly guralýan okuwa höwesi gün-günden ýokarlanýar. Netijede, mugallymyň gatnaşmagynda çylşyrymly, düşünmesi kyn bolan nazary we amaly sapaklar kompýuter tehnologiýalarynyň üsti bilen ýeňilleşdirilýär. Orfografiýa boýunça ýeňilleşdirilen kadalar we ýumuşlar kompýuterde öwrediji programmalar arkaly okuwçylara ýetirilýär. Innowasion tehnologiýalar arkaly guralýan sapakda differensirleme usuly sapaga oňaýly täsir edýär. Şol nukdaýnazardan ugur alnyp, orfografik kadalaryna degişli orfogrammalar sözlerdäki geliş aýratynlygyna (asyl, düýp, goşma, goşulma) hemde okuwçylaryň ýazuw işlerinde goýberýän ýalňyşlaryna görä, ýokary, orta we pes ýetişýän şertli toparlar esasynda bölünýärler. Temalaryň mazmuny toparlaryň statusyna laýyk üýtgeşmeler bilen düzülýär. Mysal üçin, «Dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni» diýen tema degişli orfogrammalar asyl, düýp, goşma, tirkeş sözlerde we goşulmalarda ýazylýar. Ol orfogrammalar algoritmler (o/a, ö/e, u/y,ü/i) boýunça beýan edilýär. Netijede, dodak çekimli sesleriniň dürli gurluşdaky (asyl, düýp,..) düzümlerde gelşi şekillenýär. Dodak çekimli seslere degişli orfogrammalaryň kadalara laýyk üýtgeýşi gurluşda aýry-aýrylykda şöhlelendirilýär. Şeýlelikde, dodak orfogrammalarynyň hemme görnüşlerini ýüze çykarmaga, aýdylyşy bilen ýazylyşyny deňeşdirmäge mümkinçilik açylýar. Meselem: obo/oba, çörökdö/çörekde, çägesöwlük/ çägesöwlik. Şu usuldan ugur alnyp, her bir gurluşdaky orfogrammalar boýunça nazary we amaly materiallar hödürlenilýär. Nazary materiallarda dodak çekimli seslere degişli kadalar we amaly işlerde bolsa gönükmeler, ýumuşlar beýan edilýär. Mugallym dil materiallaryny, hususanda orfografik kadalaryny teswir etmezden öň, çylşyrymly ýazuw kadalary ýeňilleşdirme arkaly beýan etmegiň aladasyny etmeli bolýar. Mysal üçin, «Dodak çekimlileriň ýazuw düzgüni» diýen temany «Giň dodak çekimliler» we «Dar dodak çekimliler» diýen iki kiçi böleklere bölüp, o, ö we u, ü çekimli sesleriniň asyl, düýp, goşma, tirkeş, alynma sözlerdäki we goşulmalardaky ýazuw kadalardan ugur alýar. Şunlukda, kompýuterde öwrediji programmalara girizilen materiallar okuw işleriniň täze esaslaryny döredip, okuwçynyň geçilen temany doly derejede özleşdirmegine, mugallymyň döredijilik işiniň ýokarlanmagyna hemde mekdep didaktikasyna innowasion tehnologiýalary aralaşdyrmagyň usulyýetini işläp düzmäge borçlandyrýar. Biziň alyp baran ylmy-barlag işlerimiz okuwçylaryň orfografik endigini kämilleşdirmäge, türkmen dili sapagyny kompýuter tehnologiýalary arkaly alyp barmaga özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
Ýaýlymdurdy GARAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil,
edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Sözlükçilik, adalgaşynaslyk we
dil medeniýeti bölüminiň ylmy işgäri.
“Mugallymlar” gazeti,
14.09.2022ý.