Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşymyza ornaşdyrylýan beýik işler jemgyýetçilik gurşawlarynyň ähli ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär. Bu gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlarynyň biri bolan ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynda has-da aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giò gerimli işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň barha ýaýbaňlandyrylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak babatynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde mynasyp goşandyny goşýan kämil nesilleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şunda ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy esasy şertleriň biridir.
Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň, esasan, dünýä dilleriniň uly ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dil aragatnaşyk se rişdesi bolmak bilen bir hatarda, ylym-bilimiň hem açarydyr. Daşary ýurt dillerini bilýän ýaşlar dünýäniň ylmy maglumatlary, ylmy kitaplary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alýar. Şonuň üçin hem häzir ýaşlara ene dilimiz bilen bir hatarda dünýä dilleri öwredilýär. Dili öwrenmegiň esasy maksady diňe bir suwara sözleşi özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, sözleriň ýazylyşyny, halkyň, ýurduň taryhyny, medeniýetini hem-de ýaşaýyş durmuşyny bilmegi talap edýär. Dili öwretmek, ozaly bilen, ýaş nesliň dünýägaraýşyny giňeltmegi, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmegi, şol bir wagtyň özünde sowatly şahsyýet bolup ýetişmegini göz öňünde tutýar. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde täze okuw maksatnamalary işlenip düzüldi. Bu resminama ösüp gelýän ýaş nesliň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Çuň manyly, parasatly pikirler dil bilimini ylmy nukdaýnazardan ählitaraplaýyn öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin dilleri öwrenmekde nakyllaryň, durnukly söz düzümleriniň ähmiýeti uludyr. Munuň özi ýaşlarda dili çuňňur öwrenmäge, sözleriň manysyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Diliň aragatnaşyk serişdesi hökmünde ähmiýetini açyp görkezmegi, ýaşlara ene dilimizi dürli usullaryň üsti bilen kämil derejede öwretmegi esasy maksat edip goýýarys. Ýaşlary köp dil bilmäge ugrukdyrýarys. Sözleýişde adamlaryň aňynda emele gelýän pikirlenme diliň kadalary bilen baglanyşyklydyr. Eýsem-de bolsa, dil pikir bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin hem dil biologik hadysa hökmünde nesilden-nesle öz-özünden geçmeýär. Adam ilki ene-atasynyň, soňra ýoldaşlarynyň, daşky gurşawyň, jemgyýetiň täsirinde dili öwrenýär. Diliň öwrenilmeginde we özleşdirilmeginde bilim ulgamynyň hyzmaty uludyr. Eger-de adam öz öwrenen dilini köp wagtlap peýdalanmasa, bilýänlerini tiz ýatdan çykarar.
Dil diňe sözleýişde öz beýanyny tapýar. Dili öwretmek we bilim bermek birnäçe maksatlary, ýörelgeleri, usullary özünde jemleýär. Şeýle usullar bolsa häzirki wagtda has-da kämilleşdirilýär, döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ösdürilýär. Dil öwrenmekde köp kitaplary okamagyň ähmiýeti uludyr. Olar ene diliňde we özleşdirýän diliňde çap edilen kitaplar bolup, munuň özi söz baýlygyňy artdyrmaga ýardam edýär. Dil öwrenmek yzygiderli, dowamly bolmaly, ýagny özleşdiren diliňde sözlemek endiklerini ösdürmeli, kitaplary yzygider okamaly, beýlekiler bilen sözleşip durmaly. Bu hem öwrenilen dili kämil bilmegiň esasy ugry bolup durýar. Umuman alanyňda, dil öwrenmek her bir ynsan üçin örän ähmiýetlidir. Munuň ynsanyň pikirleniş dünýäsi bilen berk baglanyşyklydygyny ýene bir gezek nygtamagymyz gerek. Şonuň üçin hem dil öwrenmek endiklerini ösdürmek, iň esasy bolsa ene dilimiziň baýlyklaryna çuňňur düşünmek biziň has-da kämilleşmegimize ýardam eder.
Züleýha ŞADYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.
“Mugallymlar” gazeti,
14.09.2022 ý.