ÇAGALAR BAGLARYNDA DÖWREBAP MÜMKINÇILIKLER

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzy ösdürmegiň häzirki tapgyrynda ýurdumyzyň geljeginiň bähbidine nesil terbiýesine üns-alada bilen garalýar. Körpe neslimizi döwrebap kemala getirmekde mekdebe çenli edaralaryň gurluşyny, dolandyrylyşyny özgertmek, berilýän bilim-terbiýäniň mazmunyny çuňlaşdyrmak, okatmagyň täze hem netijeli usullaryndan peýdalanmak öňde goýlan wezipelerdir. Şeýle wezipeleriň çözgüdi, elbetde, dünýä ülňülerine laýyklykda, ýurdumyzda halkara bilim tejribelerini öwrenmek, bilimi sanlylaşdyrmak, şeýle hem çagalar baglarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Çagalar baglarynyň iş gärleriniň innowasiýa tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmekleri, ýörite web saýtlaryň, aýry-aýry maglumat gorlary üçin faýllaryň döredilmegi, kompýuterli, animasiýalara baý okuw-terbiýeçilik sapaklaryny, sapakdan daşary işleri döwrümiziň ösýän talaplaryna laýyk guramaklaryna, okuw-terbiýeçilik işiniň täze usullaryny ulanmaga bolan başarnyklarynyň ýüze çykarylmagyna bolan üns has güýçlendi. Häzirki döwürde innowasiýalar milli bilim ulgamynda çagalar baglarynyň iş tejribesine ornaşdyrylýar. Munuň üçin ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim edaralarynda tehnologiýalaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Maglumat-tehnologiýa enjamlarynyň doly we dogry işledilmegi üçin zerur bolan şertler üpjün edilýär. Täze tehnologiýalarda işlemegiň tejribeleri iş ýüzüne ornaşdyrylýar. Bellibir maglumat toruna birikdirilen ulgamdan materiallary almak, ondan nämäni we nähili peýdalanmalydygyny iş ýüzünde görkezmek, öz işiniň ähmiýetini ýüze çykarmak hem-de tejribesini ýaýratmak çagalar bagynyň işgäriniň—terbiýeçileriň, usulyýetçi­leriň wezipesine degişlidir. Mekdebe çenli bilim basgançagynyň sanlylaşdyrylmagy bilen terbiýeçiler, usulyýetçiler maglumat-tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, multimedia tagtadan, kompýuterlerden netijeli peýdalanýarlar. Olar merkezleşdirilen maglumatlardan peýdalanmagy, galyberse-de, terbiýeçileriň taýýarlaýan aýry-aýry okuw maglumatlaryny tapmagy we ulanmagy başarýarlar. Bular bilen baglanyşyklylykda, ýagny döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyklykda, çagalar bakja-bagymyzda innowasion-maglumat tehnologiýalaryndan peýdalanmaga, dünýä we milli tejribeleri öwrenmäge höwesek hünärmenleriň zähmet çekýändigini belläsimiz gelýär. Terbiýeçilerimiz her bir guraýan sapaklarynda kompýuterlerden peýdalanmak, animasiýaly sapaklary gurap, geçilýän sapaklarda, terbiýeçilik maksatly çärelerde körpe nesliň ünsli-höwesli bolmagyny gazanmak üçin zähmet çekýärler. Şeýle işler, esasan hem, mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda gyzgalaňly guralýar. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Maral ATAJUMAÝEWA,

Sakarçäge etrabyndaky 6-njy çagalar

bakja-bagynyň müdiri.

“Mugallymlar” gazeti,

Meňzeş habarlar