ESERLERIŇIZ ÝOLUMYZA ŞAMÇYRAG-ALKYŞ SIZE ŞÖHRAT SIZE ARKADAG!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy  bilen, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda amala aşyrylýan beýik işler, ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan şanly üstünlikler ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär.  

Ýaşlary milli tutumymyzyň esasynda terbiýelemek, olara dürs ýol-ýörelge görkezmek maksady bilen Gahryman Arkadagymyz bahasyna ýetip bolmajak ençeme eserleri sowgat berýär.Alym Arkadagymyzyň  ajaýyp eserlerinde ýurdumyzda bolup geçýän wakalar Günüň nury kimin şöhlelenýär.

Ine, ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly kitabynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde çap edilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy.

Bu neşire Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary we mugallymlary bilen şu ýylyň 3-nji sentýabrynda geçiren duşuşygynda sözlän sözi girizilen.

Kitapda Türkmenistanda elektroenergetika  strategiýasyna, ulgamda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň hem-de iri taslamalaryň, olaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýetirýän oňyn täsiriniň netijelerine seljerme syny berilýär.

Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda köp sanly anyk we statistiki maglumatlary getirip,ýurdumyzyň umumy elektroenergetika düzüminde welaýatlaryň ösüşiniň möhümdigini belleýär, pudagyň okgunly ösüşine hem-de düzümleýin özgertmelerine häsiýetnama berýär.

Hormatly Arkadagymyz  häzirki wagtda bütin dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň peýdalanylmagyna hem-de “ýaşyl” ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtaýar. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2019 — 2025-nji ýyllarda kuwwatlylygy 10 megawata deň bolan Günýel elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi kölüň golaýynda gurulýan döwrebap obany ekologik taýdan arassa elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty”atly kitaby giň okyjylar köpçüligi-alym-energetikler, syýasatşynaslar, ykdysadyýetçi alymlar, mugallymlar we talyplar üçin niýetlenip, dürli fotosuratlar bilen bezelmegi bolsa bu pudakda alnyp barylýan işler hem-de olaryň enjamlaşdyrylyşy barada giňişleýin düşünje almaga ýardam berýär.

Peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Serdarymyz hem energetika pudagynyň ösdürilmegini Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde alyp barýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bahasyna ýetip bolmajak bu kitaby ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemäge, Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşlerine buýsanç duýgularyny kemala getirmäge uly itergi berýär.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynda Alym  Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýol-ýörelge etjekdigimize, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyny ýaşlara wagyz edip, olary durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Öz halkynyň abadan hem parahat  durmuşda ýaşamagyny  üpjün etmekde, Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmakda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzy täze mertebä götermekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaç alsyn!

 

Jemal SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar