“Garaşsyzlyk bilen galkynan ýurdum”

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe sary barýar. Mähriban Arkadagymyzyň “Watan diňe halky bilen watandyr döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen parasatly şygary barha belentden ýaňlanyp, ýurdumyzyň ähli ulgamynda üstünliklere, öňe gidişliklere bat hem-de itergi berýär. Ýurdumyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Gadam basylan Täze, 2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyryldy. Garaşsyzlyk güni — biziň  Baş baýramymyz özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi hem-de milli bitewülik hakynda eden köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk her bir adamda watançylyk duýgusyny oýarýan mukaddes düşünjedir. Bu düşünje özünde ägirt uly many-mazmuny jemläp, Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine nazar aýlamaga ýardam edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyň nurana ýoly bilen ynamly öňe gidip, kuwwatly we abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tutuş dünýäde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda her bir baýramçylykda sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary guralýar. Bu dabaraly çäreler Garaşsyz türkmen döwletiniň we jemgyýetiň durmuşyndaky möhüm ähmiýetli wakalara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Ýurdumyzda milli medeniýeti has-da baýlaşdyrmak we ýaş zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredilýär. Her ýyl taryhy pursatlar, şanly wakalar bilen täze bir tapgyry aňladýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde döredijilik güýji bar. Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna  baky öçmejek ýalkym saçdy.

Owazyny älem-jahana ýaýyp,

Türkmenistan toý-baýramyň mekany.

Gözellik nusgasyn çar ýana ýaýyp,

Türkmenistan toý-baýramyň mekany.

 

Watanyň gujagy toýhana ýaly,

Kalbymyz şatlykdan, buýsançdan doly,

Maksat tapýar ulus-iliň hyýaly,

Türkmenistan toý-baýramyň mekany.

 

Gülleýän, gül açýan ýurdumyz nurly,

Aýdyň, şondan beýik, heý, bagt bormy,

Bu gün öňe barýas hak Howandarly,

Türkmenistan toý-baýramyň mekany

 

Aýnabat Ataýewa

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar