Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyz bedew bady bilen öňe barýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda toýlarymyz goşalanyp gelýär. Ýurdymyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güninde Ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Ýagny şol gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýy geçirilip, geçen döwürde ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlenildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu guramanyň öňünde durýan, ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň ýurdumyzyň baş baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Garaşsyz Watanymyzyň geljegi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň daýanjy hem-de ösüşleriniň kuwwaty bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýnda, ýaşlaryň ykbalyna täsir etjek birnäçe möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bizi aýratyn buýsandyrýan zat ýokary derejede geçirilen bu Gurultaýa Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagy boldy. Hormatly Prezidentimiziň Gurultaýda taryhy söz sözläp bermegi hem-de guramamyzyň öňünde birnäçe wezipeleri goýmagy ýaşlaryň buýsançly başyny göge ýetirdi. Biz - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň biziň öňümizde goýan şeýle beýik wezipelerini durmuşa geçirmeklige işjeň gatnaşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys. Ýene-de buýsanç bilen bellemeli zatlaryň biri-de Hormatly Prezidentimiz Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekdi. Ykbal özgerdiji bu Kanuna gol çekmegi ýaşlaryň her birinde uly buýsanç duýgularyny döretdi. Biz hem mundan beýläk-de ýurdumyzda kabul edilýän Kararlardan, resminamalardan, aýratyn-da Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde, ony ýaşlaryň arasynda giňden düşündirmekde yhlasly zähmetimizi gaýgyrmarys.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet bölüminiň baş hünärmeni
Aýnabat Ataýewa