Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabat şäheriniň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerini mynasyp durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýaşlarymyza ýüzlenip: «Ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň dowamynda döwletimizde Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaşlaryň kämil geljekleri üçin uly işleriň amala aşyrylýandygyny nygtady. Halallyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimiziň ýaşlaryň kalbynda müdimi orun almagy üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň mynasyp ornunyň bardygyny hem aýratyn belledi. Arkadagly Serdarymyz şol ajaýyp pursatda türkmen ýaşlarynyň yhlasly okamak bilen ata Watanymyzyň abraýyny belende götermelidigimizi aýtdy. Hormatly Prezidentimiziň sözüniň ahyryny: «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip jemlän şygaryna dabara gatnaşan ähli adamlar biragyzdan goşuldylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy biz ýaşlary begendirdi we buýsandyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyşyny ýaşlara ýetirmek we «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi , Balkan welaýat Prokuraturasy, TS we TP-nyň Balkan welaýat komiteti, Balkan welaýat Sport we ýaşlar syýasaty müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, TMÝG-niň “Türkmennebit” DK-niň şahamçasy bilen bilelikde Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyp ýaşlaryň arasynda , Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat Ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda maslahat duşuşygyny geçirdi. Ýaşlaryň hak Howandaryna, «Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýýän Arkadagly Serdarymyza biz — ýaşlara okamaga, öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Goý, türkmen halkyna baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýollaryndan ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.