Ýakynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni sport toplumynyň mejlisler zalynda edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII Gurultaýyna Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy we taryhy çykyş etmegi hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar we ýaşlar guramasynyň işlerini utgaşykly alyp barmakda, ýaşlar guramasynyň öňünde goýan wezipeleri dogrusynda gürrüň edildi. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda: “Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar höküminde garaýarys” diýen ruhlandyryjy sözleri bu günki günde türkmen ýaşlarynyň buýsançly kalplary göge ýetendigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Ýaşlarymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, ýaşlarymyza nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag belent başlary aman bolmagyny, ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.