Baý durmuş tejribeli ýaşulularymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň häzirki we geljekki üstünliklerimiziň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek hakyndaky ündewleri, hoşniýetlilik, watansöýüjilik we ynsanperwerlik hakyndaky öwüt – nesihatlary agzybirligimizi jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Ýaşuly adamlara hormat goýmak biziň ata – baba gelýän milli däbimizdir hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda hem bu ajaýyp halkara baýramyna bagyşlanan dabaralaryň pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmäge saldamly goşant goşýan ýaşulylarymyzyň hem-de tutuş halkymyzyň bagtyýarlygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň ýurdy hökmünde şöhraty dünýä dolan Garaşsyz Watanymyzyň buýsanjyny pugtalandyrjakdygymyza berk ynandyrýarys.
Her ýylyň 1-nji oktýabrnda Birleşen milletler guramasy tarapyndan ýaşulylaryň hukuklaryny goramaga, jemgyýetdäki tutýan ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanan dürli festiwallar, halkara ylmy-amaly maslahatlar we syýasy ýygnaklar geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem BMG-niň bu asylly ýörelgelerinden ugur alnyp, Halkara Ýaşulylar güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Bu baýram hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşulylaryna çäksiz hormat-sarpasynyň nyşany. Ýurdumyzyň Birleşen milletler guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlygynyň baý mazmunyny alamatlandyryp Türkmenistanyň mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasyndan orun aldy. Şondan bäri biziň ýurdumyz hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara Ýaşulylar gününi giňden belleýär.
Şeýle ajaýyp däp-dessurlarymyza biz hemişe uly ähmiýet berýäris. Ösen döwleti gurmak ugrynda alyp barýan syýasatymyzda, beýik we asylly maksatlara niýetlenen giň möçberli özgertmelerimizde, aýratyn hem, nesil terbiýesinde merdana pederlerimiziň akyl-parasatlylygyň ajaýyp sazlaşygyny özinde jemleýän “edebiň ýagşysy-ulyny syla”, “Ulusy bolmadyň-kiçisi bolmaz” ýaly pähimlerini, asyrlardan – asyrlara, nesillerden – nesillere geçip gelýän asylly däp – dessurlaryny nusga edinýäris. Gymmatly maslahatlarydyr goldawlary üçin ýaşuly nesile çäksiz buýsanýarys. Merdana halkymyzyň durmuşynyň ähli zamanlarynda bolşy ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hem olaryň sarpasyny örän belentde tutýarys.
Aýnabat ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet bölüminiň baş hünärmeni.