DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ UGURLARY

Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» di­ýen söz bar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­mynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu sö­züň äh­mi­ýe­ti, gym­ma­ty has-da ro­waç­lan­ýar. Bu gün­ki gün ýurdu­my­zyň or­ta, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaşla­ra dür­li bi­lim­le­ri ber­mek bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni hem öw­ret­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Bu ugur­da bi­lim ul­ga­myn­da döw­re­bap tej­ri­be top­la­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri ýö­ri­te me­ýil­na­ma­lar esa­syn­da öw­redil­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň beýle­ki kün­jek­le­rin­de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni çuň­laşdy­ryp öw­red­ýän or­ta mek­dep­ler he­re­ket ed­ýär. Di­ýa­ry­myz­da iň­lis, rus, fran­suz, ýa­pon dil­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te­leş­di­ri­len or­ta mek­dep­ler bar. Sö­züň do­ly ma­ny­syn­da dün­ýä dil­le­ri­ni çuň­ňur öz­leş­dir­mek üçin ýur­du­my­zyň äh­li okuw mekdep­le­rin­de gi­ňiş­le­ýin şert­ler dö­re­di­len­dir. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry, umu­my orta bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň dil ug­run­dan okad­ýan mu­gal­lym­la­ry okat­ma­gyň döw­re­bap usul­la­r y­ny öw­ren­ýär­ler hem-de ola­ry mil­li tej­ribe bi­len ut­gaş­dy­r yp, tej­ri­be­le­rin­de öz­leş­dir­ýär­ler. Şeý­le hem ýaş­la­rymyz dün­ýä dil­le­ri­ni öw­ren­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da öz­baş­dak dil öw­ren­mek üçin döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan peýda­lan­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Dil­çi alym­lar da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ren­me­giň baş­lan­gyç döw­rün­de gep­leşi­gi be­ýan ed­ýän ki­tap­lar­dan peý­da­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Ola­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, şeý­le ki­tap­lar­da be­ril­ýän söz­ler we söz­lem nus­ga­la­ry sözlem düz­me­giň umu­my ýö­rel­ge­le­ri­ni ýat­da sak­la­mak müm­kin­çi­li­gi­ni gowu­lan­dyr­ýar. Se­bä­bi gep­le­şik ki­tap­lar­da köp ha­lat­lar­da söz­lem nus­ga­la­ry bi­rin­ji ýöň­ke­me­de be­ril­ýär, bu bol­sa dil öw­re­ni­ji­le­riň gün­de­lik dur­muşyn­da de­giş­li söz­lem­le­ri ula­nyp bil­mek­le­ri­ne we ola­ryň go­wy ýat­da sakla­ma­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär. Şo­nuň üçin hem ta­lyp­la­ra ýö­ri­te ede­bi­ýat­lary oka­ma­gy, olar­da söz­lem dü­zü­li­şi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ryny öw­red­ýä­ris. Dil öw­ren­mek­de her gün tä­ze söz­le­ri öw­ren­me­gi mak­sat edin­meli, ýö­ne olar­dan bä­şi­si hök­ma­n iş­lik­ bol­ma­ly­dyr. Se­bä­bi söz­lem­ler­de iş­lik­le­riň ula­nyl­ma­g y, pi­ki­ri do­ly be­ýan et­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Söz baý­ly­g y­ňy art­dyr­mak üçin her gün tä­ze nä­ta­nyş söz­le­ri ter­ji­me edip, ola­r y ýat­la­ma­gy ýo­la goý­ma­ly. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­re­nip baş­lan ilkin­ji gü­nüň­den şol dil­de gür­le­mä­ge, daş-tö­we­re­gi­ňiz­dä­ki äh­li gör­ýän zat­la­ry­ňy­zy be­ýan et­mä­ge ça­lyş­ma­ly. Dil öw­ren­mek­de ýe­ne-de bir esa­sy en­di­ge eýer­me­li, ýag­ny öz­leş­dir­ýän di­liň­de eşi­den­le­ri­ňi içiňden gaý­ta­la­ma­ly. Il­ki­baş­da deň gaý­ta­lap ýe­tiş­mez­li­gi­ňiz ah­mal, ýö­ne ýe­ti­şen ýer­le­ri­ňi­zi gaý­ta­lap do­wam et­me­li. Bu usul ar­ka­ly te­le-ra­dio ýaz­gy­lar­dan eşi­di­len mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­lap, dog­ry söz­le­ýiş ähe­ňi­ne eýe­rip bol­ýar. Şeý­le hem, öw­re­nil­ýän di­liň esa­sy gur­luş­la­r y­na dü­şü­nip baş­la­ny­lan­dan soň, şol dil­de pi­kir­len­mä­ge ça­lyş­ma­ly. Yl­myň ös­me­gi bi­len dil öw­ret­me­giň has yg­ty­bar­ly we ne­ti­je­li usul­lary iş­le­nip, tej­ri­bä or­naş­dy­ryl­ýar. Bu bol­sa mu­gal­lym­lar, ta­lyp­lar üçin hem ýe­ňil­lik­le­ri dö­red­ýär. Dil öw­ren­mä­ge sarp ed­ýän wag­ty­ňy tyg­şytla­ma­ga şert dö­red­ýär. Ýur­du­myz­da iň­lis di­li­ni öw­ret­me­giň döw­re­bap usul­la­r y­ny okuw işi­ne or­naş­dyr­mak­da ön­jeý­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Da­şa­ry ýurt di­li­ni öw­ret­mek­de in­te­rak­tiw usul, ýag­ny söh­bet­deş­lik, gep­le­şik, la­byz­ly oka­mak, gür­rüň ber­mek ar­ka­ly sa­pak geç­mek has oňat ne­ti­je­le­ri ber­ýär. Sa­pak­da mul­ti­me­dia okuw-teh­ni­ki se­riş­de­leri iş­jeň ulan­mak, elekt­ron söz­lük­ler­den peý­da­lan­mak hem oku­w yň hi­li­ne tä­sir ed­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, öw­ren­ýän hü­när di­liň­de düz­me ýaz­mak, ede­bi eser oka­mak, met­bu­ga­tyň di­li­ni öz­leş­dir­mek we beý­leki­ler sa­pa­gyň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myzda yl­myň ös­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de be­lent sep­git­le­ri eýe­läp, has-da gül­läp ös­jek­di­gi­ne gü­wä geç­ýär. Ýaş­la­r yň giň dün­ýä­ga­ra­ý yş­ly bo­lup ýe­tiş­mekle­ri üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ogulsuraý ÖWEZOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba

 hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Mugallymlar gazeti,

03.10.2022ý.

Meňzeş habarlar