OKUWÇYLARYŇ DÖWREBAP TERBIÝESI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän döwletleriň biri hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda giň gerimde amala aşyrylýan döwrebap bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Ýaş neslimiziň belent ynsanperwerlik, watançylyk ruhunda terbiýelenmegi mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň hünär ussatlyklary, öňdebaryjy iş usullary bilen berk baglanyşyklydyr. Bilim almakda döredilýän ähli mümkinçiliklerden ugur alyp, mekdep mugallymlary Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin öz mynasyp goşantlaryny goşjak milli ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Synp ýolbaşçylarynyň ata-eneler bilen özara hyzmatdaşlykda işlemegi mekdep mugallymlarynyň öňünde durýan baş wezipelerini amala aşyrmakda möhüm şertleriň biridir. Çagalaryň geljegi olara ata-eneler tarapyndan berilýän terbiýä köp derejede baglydyr. Ata-eneler çagalarda adamkärçiligi, asyllylygy, zähmete bolan söýgini terbiýelemelidir, sebäbi geljekde zähmet olaryň durmuş isleglerine öwrülmelidir. Okuwçylara maşgalada berilýän terbiýe mekdepdäki jemgyýetçilik terbiýe bilen utgaşmalydyr. Maşgala terbiýesiniň möhüm bölegi çagalara bolan söýgüdir. Ata-enäniň çagalara bolan söýgüsi öçmejek gymmatlykdyr. Maşgalada mähir-muhabbete ýugrulyp, dogry terbiýelenýän çagalara mekdepde mugallymlar öz berýän bilimleri bilen terbiýäni sazlaşykly utgaşdyrmak arkaly çaga terbiýesinde gerekli netijäni gazanyp bilerler. Synp ýolbaşçysy okuwçylaryna iň ýakyn durýan, olaryň mekdepdäki gündelik durmuşyny guraýan, okuw-terbiýeçilik işlerini durmuşa geçirýän, synp toparyny kemala getirýän, ösdürýän hem berkidýän, ata-eneleriň, jemgyýetçilik kömeginden peýdalanýan pedagogdyr. Şu işleriň durmuşa geçirilmeginde oňa kärdeşleri, ozaly bilen, mekdep müdiriniň terbiýeçilik işleri baradaky orunbasary, galyberse-de ders mugallymlary, mekdep ýolbaşçylary ýakyndan kömek berýärler. Synp ýolbaşçynyň okuwçylara täsir edijiligi şol synpda işleýän beýleki mugallymlaryňka garanda has güýçli bolýar, sebäbi ol okuw döwründe-de, sapakdan beýleki wagtlarda-da okuwçylar bilen ýygy-ýygydan duşuşyp durmaly, olary hemme tarapdan içgin öwrenmeli bolýar. Synp ýolbaşçysynyň okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramakda, onuň öňünde birnäçe wezipeler durýar. Synp ýolbaşçylarynyň ata-eneler bilen özara hyzmatdaşlykda işlemegi okuw we terbiýeçilik işiniň ilerlemegine oňyn ýardam edýär.

Mähri ÝAZLYÝEWA,

Ýolöten etrabyndaky

2-nji orta mekdebiň mugallymy.

 

Mugallymlar gazeti,

03.10.2022ý.

Meňzeş habarlar