Körpäniň mekdep okuwçysy bolmaga taýýarlyk döwri çagalar baglaryndan başlanýar. Berilýän maglumatlaryň yzygiderli özgerdilip durulmagy öz gezeginde çaganyň aňynyň, ukybynyň ösüşini kämilleşdirýär, mekdebe taýýarlykly barmagyny üpjün edýär. Dürli ugurlar boýunça guralýan sapaklar esasynda çaga baý durmuş tejribesini edinýär. Sapakda gyzykly matematiki ýumuşlaryň, oýun, tapmaça görnüşli meseleleriň peýdalanylmagy çaganyň zehininiň açylmagyna, ösmegine şert döredýär. Körpäniň ünsi özüni edil şol wagt gurşap alan adamlar, daşky gurşawyň gözelligi bilen baglydyr. Çaga pikirlenme esasynda daşky dünýäni kabul edýär. Dünýä düşünmek, özüňe ýaramly gurşawy döretmek diňe bir adamyň intellektine bagly bolman, eýsem, ol onuň şahsyýetine-de baglydyr. Çagadaky işjeňlik, özbaşdaklyk, özüňe, öz başarnyklaryňa ynanmak ýaly häsiýetler daşky dünýä düşünmäge, gözellige guwanmaga mümkinçilik berýär. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň» Konsepsiýasynyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly bu ugurdaky dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmakdyr. Bu işleri mekdebe çenli bilimde hem, başlangyç bilimde hem ýokary derejede alyp barmak esasy wezipeleriň biridir. Çagalaryň pikirlenmesini ösdürmekde, olarda akyl zähmetiniň endiklerini we başarnyklaryny terbiýelemekde takyk bilimleriň, ýagny matematiki düşünjeleriň çagalar baglaryndan başlap öwredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Biz sanlary öwredenimizde abstrakt düşünje bilen iş salyşmaly bolýarys. Çaga nätanyş düşünjäni öwretjek bolsak, munuň üçin hökmany suratda görkezme esbaplara ýüzlenmeli bolýarys. Matematiki düşünjeler suratlardyr şekilleriň, oýnawaçlaryň üsti bilen ylmylyk ýörelgesi esasynda öwredilende garaşylýan netijäni berýär. Ösen tehnologiýalar bize bu işlerde uly ýardam edýär. Slaýdlar arkaly her bir düşünje öwredilende ondaky takyklygy, gözelligi görkezmek, maglumaty anyk düşündirmek bolýar. Matematiki düşünjeler adamzat pikirlenmesiniň bir bölegini tutýar. Ýönekeý matematiki düşünjeleri kemala getirmek çagany akyl taýdan ösdürmegiň serişdesi bolup hyzmat edýär. Başlangyç synplarda çaga eýýäm sözlem düzüp, ýazyp başlaýar. Okuwçynyň ýazuw sözleýşine edilýän talaplar matematiki, orfografiki we grafiki sowatlylykdan ybaratdyr. Matematiki sowatlylyk maglumatlaryň takyk we ýerlikli berlişine bagly bolup, orfografik sowatlylyk diňe matematik adalgalary dogry ýazmak däl-de, beýleki sözleri we aňlatmalary ýazmakdyr, sözlemi stilistiki taýdan dogry düzmekdir, grafiki sowatlylyk bolsa başarjaňlyk bilen ýazgylary, çyzgylary ýerine ýetirmekdir. Matematiki pikirlenmäniň sözleýşiň ösmegine edýän täsirini göz öňünde tutup, bu ders boýunça sözleýşe uly orun degişlidir. Çagalar ulularyň öwretmegi, olaryň gürrüňini diňlemegi we köp soraglaryna jogap almagy esasynda öwrenýärler. Pikirlenmäniň matematika degişli meseleleri çözmekde we okuw okatmak işinde çagalaryň pikiriniň ösmegine edýän täsirini beýan etdiler. Matematiki pikirlenmäniň sözleýşiň ösmegine edýän täsirini göz öňünde tutsak, bu ders boýunça sözleýşe uly orun degişlidir. Çaganyň irki ösüşi boýunça iş alyp baran alymlar: «Sözleýşi kemala getirmek bilen pikirlenme öz-özünden kemala geler. Matematiki diliň ajaýyplygy onuň gysgalygynda, takyklygynda, düşnükliliginde we labyzlylygyndadyr» diýip, her bir ugruň, her bir ylmyň çagalara kiçi ýaşlaryndan öwredilmelidigini ündeýärler. Çagalaryň matematiki düşünjeler bilen tanyşlygynyň taýýarlanan ýörite zatlaryň üsti bilen däl-de, adaty durmuşda bolmagyna, matematiki düşünjeleriň hakyky durmuşy suratlandyrýandygyna, öz-özünden döremeýändigine düşünmegi möhümdir. Öň çagany aýratyn predmetler gyzyklandyran bolsa, indi ol wakalaryň tertipleşdirilen ulgamy ýaly işler bilen gyzyklanýar. Çaganyň aňyna gelýän täsirleri guramaga wagt, giňişlik we ölçeg ýaly düşünjeler mümkinçilik berýär. Matematikany çuňňur özleşdirmek üçin çaganyň kabul edijiliginiň, ýagny duýujylygynyň ösen bolmagy zerur. Geometrik şekiller, şekillerden dürli görnüşli şekilleri düzmegi çagalar özleri üçin örän gyzykly ýumuş hökmünde kabul edýärler. Çagalar işe höwes bilen ýapyşýarlar, sebäbi çagalaryň eline galam alyp ýazmaga edýän ilkinji synanyşyklary geometrik çyzyklardan başlanýar, depder ýüzünde çyzýan şekilleri haýsydyr bir geometrik şekile meňzeýändir. Sadaja geometrik şekiller ýerine ýetirilende kynçylyk döretmeýär. Ilkinji ýazuw endikleri öwredilende hem, ilki bilen, şol şekillerden başlanýar. Görnükli rus şahyry A.S.Puşkin «Geometriýanyň çyzgylarynda edil poeziýadaky ýaly lezzet bar» diýýär. Belki-de şonuň üçindir, körpeler geometrik şekiller bilen iş salşanlarynda özlerini has işjeň alyp barýarlar. Matematikadan iş depderleri bilen işlänlerinde hem çagalarda işlemäge uly höwes döreýär. Ýazuw işleri ýerine ýetirilenden soň körpeler bilen köp ulanylýan sorag-jogap usulyny peýdalanmak has-da amatlydyr. Bu usul kiçi ýaşly çagalara ýönekeýje matematiki düşünjeleri talabalaýyk öwretmegiň esasy usullarynyň biridir. Soraglar dürli hili bolup biler. Soraglar takyk, gysga we anyk bolmalydyr, logiki taýdan yzygiderlilik saklanylmalydyr. Sorag çagada düşnüksizligi däl-de, pikirlenmegi oýarmalydyr, çaganyň pikirlenmesini ösdürmelidir, oýlanmaga, seljermäge, deňeşdirmäge we netije çykarmaga itergi bermelidir. Sapaklarda gyzykly matematiki ýumuşlaryň, oýun, tapmaça görnüşli meseleleriň peýdalanylmagy berilýän bilimiň netijeliliginiň we hiliniň ýokarlanmagyna ýol açýar, çaganyň zehininiň açylmagyna, ösmegine şert döredýär. Şu nukdaýnazardan, bilim we terbiýe bermegiň dürli usullaryny kämilleşdirmek, matematikany öwretmekde pikirlenmäni ösdürmek, umumylaşdyrmagy we seljermegi öwretmek zerurdyr. Çaganyň alan biliminiň hili pikirlenip, gepläp, beýan edip we öz ene dilinde ýazyp bilmeginde ýüze çykýar.
Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň
Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim
bölüminiň müdiri.
Mugallymlar gazeti,
03.10.2022ý.