Türkmen halky gadymdan bäri şirin aýdym-sazy bilen giňden tanalypdyr. Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ajaýyp sungatymyzyň dünýä ýaýylandygyny beýan edýär. Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, nesilden-nesle geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek her bir bilim işgäriniň mukaddes borjudyr.
Edebiýat dersinden 5-nji synplarda «Ýüz tylla» ertekisi boýunça geçen görelde sapagymy bu buýsançly waka bilen baglanyşdyryp geçdim. Ertekiler türkmen halk döredijiliginiň iň bir gadymy görnüşleriniň biri bolup, çagalar üçin uly terbiýeçilik ähmiýete eýedir. Olary okap, ata-babalarymyzyň meşgullanan kesp-kärlerine, däp-dessurlaryna, halkymyzyň özboluşlylygyna, milli aýratynlyklaryna akyl ýetirmek bolýar. Geçilen temany soramagy bäsleşik görnüşinde alyp barmak okuwçylar üçin has täsirli bolýar. Bäsleşigi geçirmek üçin synpyň okuwçylaryndan 2 topar döredilýär.
1-nji şert boýunça okuwçylar «Paýhas çeşmesinden» berlen nakyllaryň dowamyny dogry aýtmaga synanyşýarlar. Nakyllar durmuş pursatlaryndan söhbet açýan, öwüt-ündew häsiýetli gysgadan çuň manyly çeper sözlemler bolup, okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmekde we terbiýe bermekde uly ähmiýete eýedir. Bu ugurda öwütler mekdebi bolan «Paýhas çeşmesi» kitaby uly gollanma bolup durýar. 2-nji şertde okuwçylar ýaňyltmaçlary dürs we çalt ýerine ýetirmek boýunça bäsleşýärler. Türkmen halk şahyrana döredijiliginiň bir görnüşi bolan ýaňyltmaçlar çagalara dogry geplemegi öwretmek, olaryň pikirlenişini, sözleýşini ösdürmek maksady bilen döredilendir. Jemleýji şertde bolsa toparlar multimedia tagtada «Syrly sanlar» atly oýun arkaly soraglara jogap berip, bilimlerini berkidýärler. Sapakda tehnologiýalardan (prezentasiýalar, oýunlar, ses ýazgylary) peýdalanmak okuwçylaryň ünsüni we işjeňligini ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Şunuň ýaly ýaryşlary guramak sapagyň has-da täsirli we ýatda galyjy bolmagyny üpjün edýär. Ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan okuwçylary yglan edenimden soň, täze temany düşündirmäge girişýärin.
Okuwçylara täze temany düşündirmekde «Ýüz tylla» ertekisiniň esasynda taýýarlanan prezentasiýalardan ýerlikli peýdalanýarys. «Türkmen halk ertekileri», Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Ile döwlet geler bolsa», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplaryny görnükli ýerde ýerleşdirýärin. Milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagy görkezme esbap hökmünde peýdalanmak hem sapagyň täsirliligini artdyrýar. «Paýhas çeşmesi» kitabyndan aýdym-saz sungaty, ylym- bilim we hünär edinmek bilen baglanyşykly nakyllaryň ýazgysyna okuwçylaryň ünsüni çekýärin. «Ýüz tylla» ertekisiniň temasyny, many-mazmunyny gürrüň bermekde ertekiniň esasynda çekilen suratlardan peýdalanmak bolar.
Ertekide Mämmediň atasyndan alan ýüz tyllasyna ilki öwrenen hünäri dutar çalmak bolýar. Munuň özi halkymyzyň gadym döwürlerden bäri bu ajaýyp sungata uly hormat goýýandygyny aňladýar. Bu ýerde milli gymmatlygymyz bolan dutaryň şirin owazynyň waspy ýetirilýär.
Ertekiden alnan bölegi keşpler esasynda çeper okatmak, käbir sözleriň manysyny «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginden» peýdalanyp düşündirmek okuwçylaryň sözleýiş dilini ösdürmäge ýardam edýär. Klaster sistemasyny köpçülikleýin doldurtmak eseriň gahrymanlaryny häsiýetleri boýunça seljermäge ugrukdyrýar. Multimedia tagtasynda eser barada öwrenilenleri berkitmek üçin sowalnamalary, barlagnama ýumuşlaryny hödürleýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdym-saz sungatynyň ýeten derejesi barada sowal-jogap alyşmak arkaly sapagy berkidýäris.
Sapagy düşündirip, öýe ýumuş hökmünde «Ýüz tylla» ertekisini özbaşdak doly okamagy, ertekiden bölekleri janlandyrmagy tabşyrýaryn. Sapaga işjeň gatnaşan okuwçylary höweslendirýärin.
Şeýlelikde, edebiýat sapaklarynda okatmagyň ýokarda görkezilen usullary esasynda tehnologiýalardan giňden peýdalanýarys. Geçilýän her bir sapagyň öz maksadyna ýetmegi üçin ony jogapkärçilikli geçirmek mugallymlaryň borjudyr.
Annatäç ÇARYÝAROWA,
Tejen şäherindäki 2-nji orta
mekdebiň mugallymy
Mugallymlar gazeti,
05.10.2022 ý.