Häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşi belent sepgitlere eýe bolýar. Ähli pudaklar üstünlikli ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, döwletara ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimi giňeýär. Ýurdumyzyň ylym we bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Aýratyn hem ylmy-tehniki innowasiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurtda ylym-bilimiň ösdürilmegi ähli babatdaky ösüşleri üpjün edýär.
Ýaşlaryň terbiýesine, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, onda hormatly Prezidentimiziň çykyş etmegi bellenilmäge mynasypdyr. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär. Şunda ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň ýurduň ösüşine goşant goşmaklaryna şert döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurduň geljekki ösüşlerini üpjün etmek, sanly tehnologiýalary yzygider ornaşdyrmak häzirki belent maksatlardyr. Şeýle belent maksatlary amala aşyrmakda ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Bu ýaşlar geljekki alymlar, hünärmenler bolup, olaryň giň dünýägaraýşy ösen jemgyýet bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň beýan edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar öňde goýulýar. Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň rowaçlanýandygyny görkezýär. Gazanylýan ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýoldan öňe barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini aýan edýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler buýsanja beslenip, kalba dolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, gazanylýan ösüşleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen üpjün edilýär. Ýurtda gazanylýan ösüşleriň ählisi halkymyz we onuň ýaşaýyş-durmuşy baradaky alada ýugrulandyr.
Maýa SARYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy.
Mugallymlar gazeti,
05.10.2022 ý.