BILIM ÖZGERTMELERINIŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly işler durmuşa ornaşdyrylyp, oňyn netijeler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmakda hem möhüm işler amala aşyryldy. Bu döwrebap işleri dowam etdirmekde, sanly ulgamy mundan beýläk hem ösdürmekde ýaş hünärmenleriň möhüm orny bardyr. şonuň üçin hem bu günki günde ýaşlara berilýän bilim döwrebaplygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Häzirki wagtda ýaşlara döwrebap bilim bermek we olaryň giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegini üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda çykyş etdi we aýdyň wezipeleri kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz öňde durýan wezipeler hakynda belläp, tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmegiň esasy maksat bolmalydygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşine goşant goşjak ýaşlaryň kämil hünärmenler bolmalydygyny, tehnologiýalara oňat düşünmelidigini we döwrebap işleri alyp barmalydygyny aýdyň beýan edýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sanly ulgamy durmuşa geçirmek babatynda uly işler alnyp barylýar. Sanly bilim tehnologiýasynyň soňky gazananlaryny ulanyp, biz talybyň bilim derejesini dürli testler arkaly barlap bilýäris. Hormatly Prezidentimiziň bilimli, maksada okgunly nesli kemala getirmek babatda bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek üçin talyp ýaşlaryň we ýaş mugallymlaryň okuw dersleri boýunça tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, ösdürmek, olary höweslendirmek boýunça ýokary okuw mekdebimizde zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda talyp ýaşlaryň arasynda guralýan bilim bäsleşikleri oňat netije berýär. Talyplarymyz diňe öz döwletimiziň çäginde geçirilýän bäsleşiklerde däl, eýsem, halk ara derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde hem başarnyklaryny görkezýärler. Türkmen talyplarynyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri bilim özgertmeleriniň aýdyň miwesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek, her bir mugallymyň mukaddes borjudyr. Geljegimiz bolan ýaş nesillerde ylym-bilime höwes döretmek, Watana söýgi, il-güne hormat goýmak ýaly ajaýyp häsiýetleri kemala getirmek hem zerur işleriň biridir. Dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanyp, döredijilikli zähmet çekip, ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenip, okatmagyň täze usullaryny ulanarys, ylymly ýaşlary terbiýelemäge öz goşandymyzy goşarys. Ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Merjen ALLAMYRADOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň mugallymy

“Mugallymlar” gazeti,

 10.10.2022 ý.

 

Meňzeş habarlar