Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleri ne oňat düşünýän, ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Berkarar döwletimizde oba hojalygynyň dürli pudaklarynda iň kämil tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Obasenagat toplumynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işler ylmy esasda ýola goýulýar. Şu nukdaýnazardan hem şeýle beýik işlere goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamak mugallymlaryň baş wezipesi bolup durýar. Sebäbi ylymly, bilimli ýaşlar iň kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ylymly, bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp derejede watansöýüji adamlar edip ýetişdirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylýan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň milli nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek wezipesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipäni durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda, ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan, öňde goýlan maksada ýetmegiň iň ygtybarly ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň bilimli, hünärli bolup ýetişmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnologiýalar bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň ösüş derejesi bu ulgama ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamy döredildi. Biz hem oba hojalyk pudagynda işlejek hünärmenleri taýýarlap, ylym-bilime aýratyn üns berýäris. Ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmekde mallaryň we guşlaryň baş sanlarynyň artdyrylmagy, tohumçylyk işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan usullara laýyklykda alnyp barylmagy hem-de kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Oba hojalygynda mallaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maldarçylyk pudagynyň ot-iým binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmak bellenilýär. Hususan-da, maldarçylyk toplumlarynyň ot-iýmleri gaýta dan işlemek üçin enjamlar bilen üpjünçiligine ýardam ediler, ekerançylykda gowaça-ýorunja ekin dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy dowam eder. Şunda ýaş hünärmenleriň, olaryň ylym-biliminiň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Ylym-bilimi ösdürmäge döwrebap mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gadyr AMANDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy
10.10.2022 ý.