DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEK

Eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde ählitaraplaýyn sazlaşykly, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetleriň terbiýelenip ýetişdirilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman ylmy-tehniki ösüşleriň öňe gidýän döwründe kämil şahsyýetiň kemala gelmegi üçin adamyň durmuşa, zähmete taýýarlanmagynda hem bilim ulgamy gözbaş hasaplanylýar. Şunda dil biliminiň hem möhüm orny bardyr, çünki dil bilmek ylmy edebiýatlara giň ýol bolup durýar. Şonuň üçin hem dil kämilligiň gözbaşy hökmünde kabul edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimize ene dilimizi we daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy maksadymyz bolup durýar. Munuň özi ýaş nesillerimiziň has-da kämilleşmeginde möhüm orun tutýar. Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýan döwründe dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanmagy bu ugurdaky ilkinji zerurlyklaryň biridir. Sebäbi dil netijeli hyzmatdaşlygyň, adamzat aragatnaşygynyň esasy we zerur serişdesidir. Häzirki wagtda Diýarymyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmekde, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmek endiklerini kemala getirmekde giň gerimli işler ýokary depgin bilen amala aşyrylýar. Daşary ýurt dillerini öwretmekde häzirki wagtda ylmy esasda öwrenilen, tejribede oňat netije berýän usullardan giňden peýdalanylýar. Şeýle usullar bilim bermekde multimedia tagtalarda prezentasiýalaryň üsti bilen öwretmek, iňlis dilindäki gepleşikleri tejribede diňletmek we kitapdan geçilen sözleri okatmak bilen berkidilýär. Bu işleriň utgaşykly alnyp barylmagy talybyň düşünjesiniň has-da ösmegine oňat täsir edýär. Şunda daşary ýurt dilini öwrenýän talyp bir sapakda onlarça sözi öwrenýär we tejribede ulanyp görýär, olary kitapdan okap, terjime edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda iňlis, ýapon, fransuz we rus dillerini öwredýän ýörite orta mekdepler bar. Şeýle hem ýapon, iňlis dillerinde okadylýan ýokary okuw mekdepleri bar. Bu bolsa ýaş nesilleriň öz saýlap alan hünärleri babatda dünýä ylymlarynyň hem gazananlaryny öwrenip, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Dil dostlugyň, özara gatnaşyklaryň gözbaşy hasaplanylýar. Şonuň üçin dünýä döwletleri bilen giň gerimli alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklaryň has-da rowaçlanmagynda, halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän hoşniýetli, ynsanperwer ýörelgeleriniň dabaralanmagynda daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenler döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşleri ugrunda aýratyn ähmiýete eýe bolan işleri ýerine ýetirýärler. Ajaýyp zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işlerine hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!

 

Ogulbagt ATANYÝAZOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

“Mugallymlar” gazeti,  12.10.2022 ý.

Meňzeş habarlar