Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen bir hatarda, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesliň daşary ýurt dilinde arassa, dürs we erkin gürläp bilmegi gazanylýar. Biz bilim işgärleri hem okuwçylara daşary ýurt dillerini öwredenimizde okatmagyň döwrebap usullaryndan netijeli peýdalanyp, olarda öwrenýän diline bolan söýgini, ukyp-başarnyklaryny artdyrýarys. Okuwçylara iňlis dili sapagynda şol dili öwrenmegiň aňsat ýollaryny, şeýle-de ýatdagalyjy usullaryny düşündirýäris. Iňlis dilinde ýerini, ornuny aňladýan birnäçe kömekçi sözöňi goşulmalar, (predloglar) bar. Olar: on, at, in, under, behind, between, next to... we ş.m. Iňlis dilinde bulara «preposition» diýilýär. Biz bu temany 5-nji synplarda okuwçylara giňişleýin öwredýäris. Ýerini, ornuny aňladýan kömekçi sözöňi (predloglar) geçilende, ilki bilen, temany durmuş bilen baglanyşdyryp düşündirmek ýerlikli bolýar. Ornuny ýa-da ýerini aňladýan sözöňi kömekçileri (predlog) «in» bir zadyň içinde, ýagny türkmen dilinde -da/-de diýen manylary berýär. Iňlis dilinde «on» bir zadyň üstünde, «at» golaýynda, «under» aşagynda diýen manyny berýän kömekçi sözlerdir. Mysal üçin: -at the door gapynyň ýanynda; -in the box gutynyň içinde; -on the plate tarelkada, gapda; Temany berkidenimde okuwçylaryň ýadynda has gowy galar ýaly dürli oýunlardan peýdalanýaryn. I show you and you tell me bu oýun üçin bir sany gutujyk we kiçijik pökgi ýa-da islendik bir kiçiräk oýnawaç gerek bolýar. Oýnuň şertine görä okuwçylar gören zadyny iňlis dilinde aýtmaly. Mysal üçin, men elimdäki gutujygyň içine pökgini salýan. Olar: a ball is in the box diýip, jogap berýärler, pökgini gutynyň üstünde goýanymda a ball is on the box, pökgini gutynyň aşagynda goýanymda a ball is under the box diýip iňlis dilinde aýdýarlar. I tell you and you show me bu oýunda mugallym iňlis dilinde gürleýär, okuwçylar bolsa şol aýdylan sözi elindäki gutujyk bilen oýnawaçdan ýa-da pökgüden peýdalanyp görkezýärler. Find what colour is the preposition bu oýunda dört sany dürli reňkde bolan şekiller gerek. Oýnuň şertinde her bir sözöňi kömekçini (predlogy) belli bir reňke berkitmeli. Mysal üçin, synp tagtasynda «at» ýaşyl, «on» gyzyl, «under» gök we «in» sary reňk diýip belleýäris. Mugallym iňlis dilinde sözlem aýdýar, okuwçy şol sözlemde haýsy sözöňi kömekçileriň (predlogyň) gelendigini, onuň haýsy reňkdedigini çalt tapyp, şol reňki ýokary galdyrmaga çalyşýar. Bu usullar okuwçylaryň ýatkeşligini, ünsüni we işjeňligini ösdürmekde örän peýdaly bolýar. Şeýle-de olaryň daşary ýurt dillerini tiz özleşdirmeklerine, şol dilde erkin gürläp bilmek başarnyklaryny artdyrmaga ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi, ýaşlaryň döwrebap derejelerde okap, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maýa MOWLÝAMOWA,
Kerki etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.