Umumybilim berýän orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary bilen synp sagatlaryny yzygiderli guramagyň ähmiýeti uludyr. Bu sagatlarda esasy wezipe synp ýolbaşçysyna degişli bolup, olarda okuwçylaryň okuwdan boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin özbaşdak ýumuşlary tabşyrmak, çeper eserleri okamagy ündemek, kompýuterlerde beýleki dersler boýunça prezentasiýalary taýýarlamak ýaly öýe işleri berip bolar. Bu sagatlarda döwletiň syýasaty bilen okuwçylary tanyşdyrmak we düşünje bermek ýaly öwüt-ündewleri, söhbetdeşlikleri hem geçirmek bolýar. Ýokary synpyň okuwçylary eýýäm dersler boýunça ugurlara ýöriteleşýärler. Şonuň üçin olar bilen öz saýlan hünärleri boýunça gyzyklanmalaryny hem synp ýolbaşçysynyň diňlemegi we olara degerli maslahatlary bermegi zerurdyr. Bu döwürde ýokary synpyň okuwçylarynyň öz saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmegi üçin mugallymlaryň olara taýýarlyk işlerinde goldaw bermegi hökmandyr. Şeýle ýagdaýda olaryň öz saýlap alan hünärlerine bolan höwesi artýar we şol ugur boýunça taýýarlyk işleri bilen okuwdan boş wagtlary yzygiderli meşgullanýarlar. Mundan başga-da, okuwçylaryň okuwlaryndan boş wagtlary mekdebiň kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini okamaga we gazet-žurnallardan peýdalanmaga doly mümkinçilikleri bar. Bu ýerde okyjylar üçin ýörite okalga zallary hem bar. Şeýle-de, okuwçylaryň mekdepde hereket edýän gurnaklara gatnamaklaryny gazanmak gowy netije berýär. Okuwçylaryň sportuň dürli görnüşi boýunça türgenleşip, ruhy we beden saglygyny kämilleşdirmekde olara mugallymlar esasy ýardamçylar bolup durýar. Sportuň küşt, şaşka, düzzüm ýaly görnüşlerine gatnamaklary hem okuwçylar üçin peýdaly bolup durýar. Orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary bilen geçirilýän synp sagatlarynda çeper eserlerden we Gahryman Arkadagymyzyň romanlaryndan bölekleýin sahnalary taýýarlamaklaryny hem tabşyrmak bolýar. Munuň üsti bilen okuwçylar eserleri doly okaýarlar, gahrymanlaryň häsiýetlerini öwrenýärler. Eserlerdäki gowy gahrymanlara meňzeş adamlary hakyky durmuşdan mysal getirmek we öz häsiýetlerine hem siňdirmek üçin yhlas edýärler. Şeýle usullar okuwçylarda okamak endigini, döredijilik başarnygyny ösdürýär. Bu ýumuşlar okuwçylara tabşyrylanda diňe bir synp ýolbaşçysy däl, eýsem, mekdebiň ähli mugallymlarynyň hem gyzyklanmasynyň bardygyny olaryň bilmegi hökmandyr. Çünki okuwçyny özüne ynam bildirilen işe köpçüligiň berýän bahasy gyzyklandyrýar we olar her bir işi ýerine ýetirmek üçin yhlasly çemeleşýärler. Olar okuwdan boş wagtlaryny aýawly we manyly geçirmäge çalyşýarlar.
Bibijemal MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki «Bagtyýar nesiller»
atly 74-nji orta mekdebiň müdiri.