15-nji iýuldan bäri Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplaryndan we mugallymlaryndan ybarat topar Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde hünärlerini ýokarlandyrýarlar.
Nebit we gaz ýokary okuw mekdebiniň wekilleri üçin Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen okuw merkezi tarapyndan ýörite bilim maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Ol maksatnama 2 hepdelik okuwdan hem-de 1 hepdelik hünär ýokarlandyryş çärelerinden ybarat. Maksatnamanyň meýilnamasyna laýyklykda türkmen uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary nebitgaz pudagyndaky işläp taýýarlamalara hem-de täze tehnologiýalary ulanmaga, önümçilige emeli aňy, sanly ulgamlary we gurallary ornaşdyrmaga bagyşlanan degişli ugurlar boýunça okuwlara gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň wekilleri Petronas Tehnologik uniwersitetinde okuw işleri hem-de onuň guralyşy, barlaghanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleri, şeýle hem iri nebitgaz kompaniýasynyň önümçilik kuwwatlyklary bilen tanyşýarlar.
Petronas Tehnologik uniwersitetinde okuwlaryň we önümçilik tejribesiniň nebitgaz uniwersitetiniň talyplary üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazary bilimleriniň baýlaşmagyna hem-de hünär başarnyklarynyň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Türkmen mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlary olara geljekde mugallymçylyk işlerine öňdebaryjy dünýä tejribesini yzygiderli ornaşdyrmaga kömek eder.
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Malaýziýa kompaniýasynyň Tehnologik uniwersiteti hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym we bilim ulgamynda özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli alyp barýarlar.
2024-nji ýylda taraplar bu hyzmatdaşlygy dowam etmek we onuň gerimlerini mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama gol çekdiler. Gol çekilen Ähtnamanyň esasynda nebit we gaz, geologiýa barlaglary, himiýa tehnologiýalary, sanly ykdysadyýet, şeýle hem täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeler, ýaşyl energetika, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ekologiýa meseleleriniň çözülmegine degişli ugurlarynda bilelikdäki taslamalar we ylmy işler amala aşyrylýar.
Mundan başga-da, resminamanyň esasynda bilelikdäki bilim çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutuldy. Petronas Tehnologik uniwersitetiniň professorlary we mugallymlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary, ýaş hünärmenleri hem-de mugallymlary üçin nebitgaz pudagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmak boýunça onlaýn-okuwlary, okuw maslahatlary yzygiderli guraýarlar.
Hususan-da, Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetine häzirki sapary hem özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyrylýar.
turkmenistan.gov.tm