Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesillere berilýän bilimiň hili kämilleşdirilýär, olary milli we dünýä tejribesiniň gazananlary esasynda terbiýelemekde oňat netijeler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz dünýä we sebit bähbitli özgertmeler bilen ak ertirleri nazarlap, ynamly öňe barýar. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty halkara giňişliginde we sebit möçberinde belent ähmiýetliligi bilen häsiýetlendirilýär. Bilim ulgamynda halkara gatnaşyklar işjeňleşdirilýär, bilimiň dünýä ülňülerine kybap gelýän usulyýet esaslary işlenilip düzülýär we iş tejribesine ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda gazanylanlaryň ykdysady bähbitlere gönükdirilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» esasynda alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynda täze tehniki serişdeleri, okuw-usuly enjamlary ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli alnyp barylýar. Şeýle-de professor-mugallymlaryň okadyş usullaryny kämilleşdirmek, täze usuly tärleri gözlemek, olary iş tejribesine ornaşdyrmak, bu ugurlarda dünýä tejribesini peýdalanmak, hünärmen taýýarlamak we kämilleşdirmek ýaly işlere ähmiýet berilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 10-11-nji oktýabrynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Bu sergä gatnaşyjylar bilim ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmelere degişli baý maglumatlar bilen giňden tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Halkara serginiň we ylmy maslahatyň netijeleri jemgyýetimizde bilimiň ösüşine özboluşly goşant boldy. Rowaçlyklara beslenýän döwrümizde bilim işgärleri üçin ylmy giňişlikde döredýän ägirt uly mümkinçilikleridir şertleri üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Dünýägözel BAÝJANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy.
“Mugallymlar” gazeti
17.10.2022 ý