Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, döwletimiziň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagy, işjeň gatnaşmagy, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi bilim işgärleriniň öňünde goýlan esasy wezipedir. Bu wezipe sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Häzirki döwre mahsus bolan şertlerde ýaşlara bilim we terbiýe bermek esasy wezipeleriň biri hasaplanýar. Şonuň bilen bagly, uniwersitetimizde ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. XXI asyrda ösüşiň tizligi batly depginde artýar. Häzirki döwürde bilim bermegiň barşynda innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyplaryň okamak we öwrenmek bilen bagly işiniň häsiýetiniň we hiliniň ýokarlanmagyna alyp barýar. Adaty okuwlar geçilen mahalynda testleriň ýa-da synaglaryň netijelerine garaşmak köp wagty talap edýär. Elektron maksatnamalar arkaly tabşyryk berjaý edilenden soňra, onuň netijesi bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik döredýär. Bu okuwyň hilini ep-esli derejede ýokarlandyrýar. Elektron maksatnamalaryň üsti bilen okuw prosesinde ähli talyplaryň işjeňligini üpjün edip bolýar. Maksatnamalarda dürli tekstleri, fotosuratlary, wideoşekilli maglumatlary, sesleri we animasiýalary peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Hormatly Arkadagymyz «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» diýen kitabynda şeýle belleýär: «Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar. Biziň bilim syýasatymyzyň esasy maksady ýurdumyzyň her bir raýaty üçin bilim almagyň elýeterli bolmagyny gazanmakdyr». Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä tejribesi we täze tehnologiýalar bilen ösüşli menzillere gadam goýýar. Dünýäniň ösen tejribeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimli, terbiýeli, tejribeli şahsyýetleriň taýýarlanmagyna we kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Jeren ŞAGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
“Mugallymlar” gazeti
17.10.2022 ý.