Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ylym-bilimi has-da ösdürmek, bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesli kemala getirmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Bu ulgamyň mazmunynyň täzelenmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede ýaşlara berilýän bilimiň hili ýokarlandyrylýar.
Häzirki döwürde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwretmek, hususan-da, iňlis we rus dillerini her bir çaganyň bilmegi üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredildi. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, munuň üçin orta mekdeplerde ähli zerur şertler bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iňlis dilini bilmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Iňlis dilini okatmagyň usulyýetinde mugallymyň çagalara iňlis dilini öwretmekde peýdalanýan hem-de ulanýan tärleri bolmaly. Mugallymyň öňünde goýlan ilkinji wezipe ol islendik sapagy talabalaýyk guramagy başarmalydyr. Onuň okuwçylary täze temanyň mazmuny bilen tanyşdyrmagynyň hem-de düşündirmeginiň çaganyň dili özleşdirmegi üçin peýdasy uludyr. Esasan-da, mugallym başlangyç synplarda iňlis dilini okatmagy guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan peýdalanyp biler. Oýunlar hem-de görkezme esbaplary okuwçylaryň has-da ünsüni özüne çekýär. Şunda başlangyç synp okuwçylary iňlis dilindäki sözleri tiz ýat tutýarlar. Şeýle sözleri oýnuň üsti bilen iňlis dilinde aýtdyrmak has-da täsirli bolýar, çünki çaga oýnuň üsti bilen şeýle sözleri tejribede ulanýar. Onda aýtmak, sözlemek endigi kemala gelýär. Bularyň hemmesi okuwçynyň täze tema bilen tanyşmagyny, şonuň esasynda-da dil we ýazuw ýumuşlaryny dogry hem-de dürs ýerine ýetirmekde özbaşdak işlemegini, geljekde şolary özbaşdak peýdalanyp bilmegini şertlendirýär. Sapakdan daşary ýumuşlaryň (öý işi, özbaşdak iş) ýerine ýetirilmegini guramak hem mugallymyň wezipesine girýär. Daşary ýurt dillerini öwretmek sapagyň, öýe berlen ýumşuň üsti bilen berkidilýär. Esasan, öýe iş tabşyrylanda ýa-da goşmaça iş berlende iňlis dilindäki tekstleri okamagy we terjime etmegi aýratyn nygtamaly. Bu okuwçynyň iňlis dilindäki sözleri ýat tutmagynda, okamagynda, tejribede ulanmagynda peýdalydyr. Okuw kitaplarynda berilýän terjimelere, sözlüklere üns bermeklerini hem öwretmeli. Bu bolsa çagada ýaşlykdan kitap okamagy we sözlükler bilen işlemek endigini kemala getirýär. Çaganyň sözlük goruny artdyrmak bolsa onuň şol dilde gepläp başlamagynyň esasy şertleriniň biridir. Okuwçyda dil öwrenmek bilen baglanyşykly höwes we endikler dörese, mugallymyň işiniň iň ilkinji üstünligidir. Şonuň üçin hem daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlar öwredýän diline çaganyň ünsüni çekmek we onda gyzyklanma döretmek üçin okatmagyň usulyýetini talabalaýyk guramalydyrlar.
Bagtygül ÝOLMYRADOWA,
Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 5-nji orta mekdebiň mugallymy.
“Mugallymlar” gazeti
17.10.2022 ý